HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýewropadaky ilkinji litini gaýtadan işleýän zawod elektrik eletroulaglaryň bir milliona golaýyny çig mal bilen üpjün eder

Awgust 15, 2023 | 23:22 |9654
Ýewropada litini gaýtadan işleýän ilkinji zawod Angliýada peýda bolar. Beýik Britaniýanyň hökümeti “Green Lithium” britan kompaniýasyna Angliýanyň Tissaýd şäherinde  litini gaýtadan işleýän zawod gurmaga rugsatnama berdi – diýip,  “Euronews” habar berýär.Ýewropada litini gaýtadan işleýän ilkinji zawod Angliýada peýda bolar. Beýik Britaniýanyň hökümeti “Green Lithium” britan kompaniýasyna Angliýanyň Tissaýd şäherinde  litini gaýtadan işleýän zawod gurmaga rugsatnama berdi – diýip,  “Euronews” habar berýär.
Çeşme: Unsplash

Ýewropada litini gaýtadan işleýän ilkinji zawod Angliýada peýda bolar. Beýik Britaniýanyň hökümeti “Green Lithium” britan kompaniýasyna Angliýanyň Tissaýd şäherinde litini gaýtadan işleýän zawod gurmaga rugsatnama berdi – diýip, “Euronews” habar berýär.

Ýeňil metal bolan litiý elektrik ulagy batareýalaryny öndürmegiň esasyny düzýär. Şonuň üçin soňky ýyllarda dünýä bileleşiginiň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine geçiş tizligini iki esse artdyrandygy sebäpli, oňa bolan isleg ep-esli artdy. Bilermenleriň çak edişine görä, 2030-njy ýyla çenli täze awtoulag satuwynyň 60%-ini litiý-ion akkumulýatorly ulaglar düzer. Mysal üçin, ulagyň “Tesla Model S” kysymy üçin batareýany öndürmek üçin, takmynan 12 kg litiý gerek.

Awtoulag öndürijileri häzirki wagtda Gündogar Aziýaly litiý üpjün edijilerine bagly. Bu sanawda dünýädäki litiý-ion batareýasyny öndürmek boýunça kuwwatyň 79%-ini tutýan global EV batareýa üpjünçilik zynjyrynda Hytaý öňdäki orunlary eýeleýär.

Angliýada täze guruljak bu zawod 2027-nji ýylda işe başlar we ýylda 50 000 tonna litiý öndürer, bu bolsa, kompaniýanyň maglumatlaryna görä, bir million elektrik ulagyny batareýalar bilen üpjün etmäge mümkinçilik berer. Şol bir wagtyň özünde, gurnama litiý öndürmek we gaýtadan işlemek bilen bagly uglerod zyňyndylarynyň 80% azalmagyny üpjün eder – diýlip, habarda bellenilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026
Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

15:00 Oktýabr 22, 2026