Gazagystanyň Milli banky sanly teňňe tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi


Gazagystanyň Milli banky tarapyndan milli walýutanyň üçünji täze görnüşi - sanly teňňe girizildi. Respublikada şol bir wagtyň özünde teňňäniň nagt, nagt däl we sanly görnüşleri ulanylar diýip, Sputnik Gazagystanyň Ýokary gözegçilik palatasynyň metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär.
Palatada tanyşdyryş dabarasynda sanly teňňe synamak we bank amaly programmalary arkaly adaty nagt däl töleglerden nähili tapawutlanýandygy barada gürrüň berdiler. Taslama Gazagystanyň milli töleg ulgamyny ösdürmäge we döwrebaplaşdyrmaga, täze daşarky kynçylyklara uýgunlaşmaga gönükdirilendir diýip habarda aýdylýar.
Şeýle hem, sanly walýutanyň ornaşdyrylmagy ýurduň özboluşly tehnologiki aýratynlyklaryny ulanmaga mümkinçilik berer. Gürrüň internetsiz tölemegiň mümkinçiligi barada gidýär.
«Sanly teňňe, milli walýutanyň üçünji görnüşi hökmünde şol bir kanuny töleg serişdesi hasaplanyp, bahasy teňňäniň hümmetine deň bolar we nagt ýa-da nagt däl serişdelere aňsatlyk bilen çalşylyp bilner», - diýilip metbugat habarnamasynda aýdylýar.
Şeýle hem, Milli bank sanly walýutanyň peýdalary we töwekgelçilikleri, pul syýasatlaryna, maliýe durnuklylygyna we töleg hyzmatlary bazaryna täsiri barada giňişleýin gözleg geçirýändigini aýtdy.
ORIENT news








