HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hazaryň türkmen kenarynda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň täze binalar toplumy açyldy

Awgust 16, 2023 | 01:00 |15643
Sişenbe güni Hazar deňziniň kenarynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň täze binalar we desgalar toplumy açyldy.Sişenbe güni Hazar deňziniň kenarynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň täze binalar we desgalar toplumy açyldy.
Çeşme: "Altyn Asyr" teleýaýlymynyň skrinshoty

Sişenbe güni Hazar deňziniň kenarynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň täze binalar we desgalar toplumy açyldy.

1-3.jpg

Täze toplumda ornaşdyrylan tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň, elektron kartanyň kömegi bilen Hazar deňzindäki ýolagçy we harby gämileriň hereketlerini synlamak, olaryň ýangyç we suw üpjünçiligini kesgitlemek bolýar. Harby işgärleri taýýarlamak üçin göz öňünde tutulan okuw binasy hem döwrebap talaplara laýyklykda enjamlaşdyryldy.

IMG_20230816_005951.jpg

Serhet gullugynyň desgalar toplumynyň açylyş dabarasynda patrul gämisinde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy we ýurduň Harby-deňiz güýçleriniň baýdagy dabaraly ýagdaýda galdyryldy.

Çärä gatnaşyjylara suwdan geçip, ýeňillik bilen kenara çykan ýokary ýokary tizlikli amfibiýa gämisi görkezildi.

3-2.jpg

Serhet gullugynyň desgalar toplumynda zerur bolan enjamlar bilen üpjün edilen 200 orunlyk ýatakhananyň binasy, lukmançylyk bölümi, naharhana, aşhana, çörek bişirilýän ýer, azyk ammary, gämi duralgasy ýerleşýär. Şeýle hem täze toplumyň çäginde üsti açyk we ýapyk sport meýdançalary döredildi. Olaryň birinde harby serhetçileriň görkezme çykyşlary gurnaldy.

4-1.jpg

Mundan başga-da, toplumda ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylan hersi 48 öýli 3 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 2-si bina edildi we ol ýerde çagalar üçin meýdançalar döredildi.

5-1.jpg

Serhet gullugynyň täze binalar toplumynyň işe girizilmegi mynasybetli awtoulaglar döwlet baştutanynyň adyndan oňa geçirildi. Täze toplumyň açylyş dabarasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň täze desgalar we binalar toplumyna Türkmenistnyň Prezidentiniň adyndan awtoulag serişdeleri gowşuryldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Aşgabat saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynyň halkara bilermenlerini bir ýere jemlär

Aşgabat saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynyň halkara bilermenlerini bir ýere jemlär

09:05 Awgust 12, 2026
Himiki önümleri we kömekçi materiallary satyn almak boýunça halkara tender

Himiki önümleri we kömekçi materiallary satyn almak boýunça halkara tender

20:30 Awgust 11, 2026
Stambulda 37-nji UNICERA Halkara keramika we aşhana enjamlary sergisi geçiriler

Stambulda 37-nji UNICERA Halkara keramika we aşhana enjamlary sergisi geçiriler

18:23 Awgust 11, 2026