Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG- niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysyny kabul etdi


Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy wezipesine täze bellenen Kaha Imnadzeni kabul etdi.
Duşuşyk duşenbe güni Awazada geçirildi, bu barada ýurdumyzyň döwlet teleradioýaýlymlarynyň habarlar gepleşiginiň agşamky sanynda habar berildi. Diplomat döwlet Baştutanymyza BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň iberen mähirli salamyny ýetirdi. Şunda Birleşen Milletler Guramasy bilen sebit we ählumumy abadançylygyň bähbidine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlyk meselelerinde ýurdumyzyň eýeleýän işjeň orny bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de BMG-niň Baş sekretaryna salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan edip, jenap Kaha Imnadzeni BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy wezipesine bellenmegi bilen gutlady we bu jogapkärçilikli işinde üstünlik arzuw etdi.
Duşuşykda aýdylyşy ýaly Merkezi Aziýa häzirki wagtda depginli ösüşi görkezýär we UNRCCA sebitde öňüni alyş diplomatiýasyny ösdürmek, özara gatnaşyklaryň täze formatlaryny döretmek we belli maksatnamalary durmuşa geçirmek üçin täsirli işleri alyp barýar.
Serdar Berdimuhamedow BMG bilen köpugurly hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň we giňeldilmeginiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini belledi.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň çözgüdine laýyklykda hem-de goňşy döwletleriň we Howpsuzlyk Geňeşiniň agzalarynyň goldaw bermeginde Aşgabatda esaslandyrylan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bilen ýakyndan hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýär. Merkez döredilen gününden bäri geçen 15 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda özüni häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamakda BMG-niň ulgamyny Merkezi Aziýa ýurtlary bilen birleşdirýän netijeli meýdança hökmünde görkezdi.
Kaha Imnadze Bitarap Türkmenistanyň sebitde we dünýäde parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna, özara düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýynyň döredilmegine saldamly goşant goşýandygyny nygtady we netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna hemmetaraplaýyn ýardam etjekdigine ynandyrdy.
Habarlar gepleşiginde duşenbe güni hormatly Prezidentimiziň Awazadan Aşgabat şäherine gaýdyp gelendigi barada hem habar berildi.
ORIENT news








