HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

BMG-nyň Bütindünýä azyk maksatnamasy Türkmenistanyň başlangyçlaryny goldaýar

Awgust 10, 2023 | 17:46 |4770
Türkmenistanyň Tokiodaky ilçisi Atadurdy Baýramow çarşenbe güni BMG-nyň
Bütindünýä Azyk Maksatnamasynyň Ýaponiýa bilen aragatnaşyklar bölüminiň
müdiri Ýasuhiro Sumura bilen duşuşdy.Türkmenistanyň Tokiodaky ilçisi Atadurdy Baýramow çarşenbe güni BMG-nyň
Bütindünýä Azyk Maksatnamasynyň Ýaponiýa bilen aragatnaşyklar bölüminiň
müdiri Ýasuhiro Sumura bilen duşuşdy.
Çeşme: mfa.gov.tm

Türkmenistanyň Tokiodaky ilçisi Atadurdy Baýramow çarşenbe güni BMG-nyň Bütindünýä Azyk Maksatnamasynyň Ýaponiýa bilen aragatnaşyklar bölüminiň müdiri Ýasuhiro Sumura bilen duşuşdy.

Duşuşykda ilçi BAM-yň wekiline BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde parahatçylygy we howpsuzlygy saklamaga, şeýle hem durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen başlangyçlar barada habar berdi. Şolaryň arasynda Türkmenistanyň BMG-nyň howandarlygynda, BAM, BSGG, ÝUNISEF bilen hyzmatdaşlykda azyk howpsuzlygy boýunça esasy halkara forumy döretmek teklibi bar.

Ýasuhiro Sumura Türkmenistanyň sebitleýin we global başlangyçlaryny goldaýandygyny belläp, guramanyň olaryň öňe sürülmegine goldaw bermäge taýýardygyny aýtdy.

BMG-nyň Bütindünýä Azyk Maksatnamasy – adatdan daşary ýagdaýlarda adamlary halas edýän we jedellerden, betbagtçylykdan we howanyň üýtgemeginiň täsirlerinden soň dikeldişde bolan adamlara parahatçylyga, durnuklylyga we abadançylyga ýol açmak üçin azyk kömegini berýän, dünýä boýunça iri ynsanperwer guramasydyr.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026
Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

15:00 Oktýabr 22, 2026