HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýaşlar üçin goşmaça tomusky okuw maksatnamasy açyldy

Awgust 10, 2023 | 16:22 |7010
Türkmenistanyň Ykdysadçylar birleşigi we ABŞ-nyň Halkara ösüş guramasy ýaşlaryň häzirki zaman hünär bilimlerini öwrenmekleri üçin goşmaça tomusky okuw maksatnamasyna dalaşgärleri kabul edýär. Bu taslama boýunça ozal hem ýaşlar bir tapgyr okadylypdy.Türkmenistanyň Ykdysadçylar birleşigi we ABŞ-nyň Halkara ösüş guramasy ýaşlaryň häzirki zaman hünär bilimlerini öwrenmekleri üçin goşmaça tomusky okuw maksatnamasyna dalaşgärleri kabul edýär. Bu taslama boýunça ozal hem ýaşlar bir tapgyr okadylypdy.
Çeşme: freepik.com

Türkmenistanyň Ykdysadçylar birleşigi we ABŞ-nyň Halkara ösüş guramasy ýaşlaryň häzirki zaman hünär bilimlerini öwrenmekleri üçin goşmaça tomusky okuw maksatnamasyna dalaşgärleri kabul edýär. Bu taslama boýunça ozal hem ýaşlar bir tapgyr okadylypdy.

Birinji tapgyrdaky okuwlar, olaryň geçirilişi barada “ORIENT” ozal giňişleýin beýan edipdi.

Tomusky okuw maksatnamasy 14 – 26-njy awgust aralygynda dowam eder. Oňa gatnaşyjylar şu ugurlar boýunça bilimleri öwrenerler:

  • Telekeçilik we biznesi meýilnamalaşdyrmagyň esaslary,
  • Üstünlikli şahsy we iş durmuşyny kemala getirmek başarnyklary (soft skills),
  • Sanly tehnologiýa bilimleri.

Okuwa gatnaşyjylara tejribelik usullaryny ele almaga, işine ussat tälimçiler bilen işleşmäge, üstünliklere eýe bolan ýurdumyzyň işewürleri bilen ussatlyk sapaklaryny we duşuşyklaryny geçmäge mümkinçilik dörediler.

Tomusky okuw maksatnamasyna 15 – 18 ýaş aralygyndaky ýaşlar gatnaşyp bilerler. Oňa gatnaşmak üçin onlaýn görnüşde degişli sowalnamany doldurmaly.

Okuwa resminamalar 12-nji awgusta çenli kabul edilýär. Goşmaça maglumatlary şu telefon belgileri arkaly alyp bilersiňiz: (+993 62) 979068, (+993 65) 851782.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026
Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

15:00 Oktýabr 22, 2026