Türkmen işewürlerinden ýerli bazarlarda täze miweler, lezzetli miwe suwlary, mürepbeler we marmeladlar


Mary welaýatynda ösdürilip ýetişdirilen bişen we hoşboý ysly almalar her gün ýurduň ýerli bazarlara we söwda nokatlaryna iberilýär. «Erkin miweçilik» hususy kärhanasynyň alma baglary günde 4-5 tonna miwe «berýär». Hasyl dessine söwda nokatlaryna ugradylýar.
Türkmen kompaniýasy bir wagtlar daşary ýurtlardan getirilen ýokary hasyl berýän almanyň 5 sany görnüşini ösdürip ýetişdirýär. Bagbanlar her agaçdan ortaça 20-25 kilogram miwe ýygnaýarlar. Hünärmenler bagçylykda, damjalaýyn suwaryşda, ösdürip ýetişdirmekde we beýleki täzeliklerde iň ösen tehnologiýalary we usullary ulanýarlar.
Beýleki telekeçiler ýerli bazarlary «Datmeni» markasy bilen ýokary hilli konserwirlenen önümler we dürli miwe suwlary bilen üpjün edýärler. Ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilýän dürli organiki önümlerden - böwürslen, üzüm, itburun, şetdaly, 0,5 litrlik aýna gaplarda ýokary hilli taýýar önüm hökmünde gaplanýar.
Şeýle hem kärhanada alma, garaly, erik, limon, ýertudana we beýleki miwelerden lezzetli mürepbeleri taýýarlaýarlar. Amatly bolmagy üçin olary alyjylaryň arasynda gaty meşhur bolan 500 gram gapba gaplanýarlar.
Mundan başga-da telekeçi, «Derek» haryt nyşany bilen ulularyň we çagalaryň arasynda isleg bildirilýän arahisli, kişmişli, nohutly, şekerli, şokoladly we hozly süýjüleri öndürýär. Kärhanada öndürilen marmelad, kakao we şeker pudrasy «Datmeni» haryt nyşany bilen sarp edijilere iberilýär diýip, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň saýty habar berýär.
ORIENT news








