HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň ýüzüjiler topary Brest galasyndaky Baky alawa gül goýdular

Awgust 10, 2023 | 18:48 |6643
GDA ýurtlarynyň II oýunlarynyň ýaryşlaryna gatnaşýan Türkmenistanyň suwda
ýüzmek boýunça milli ýygyndy toparynyň türgenleri ýaryşyň öňüsyrasynda "Brest
gahryman galasy" ýadygärlik toplumyna bardylar.GDA ýurtlarynyň II oýunlarynyň ýaryşlaryna gatnaşýan Türkmenistanyň suwda
ýüzmek boýunça milli ýygyndy toparynyň türgenleri ýaryşyň öňüsyrasynda "Brest
gahryman galasy" ýadygärlik toplumyna bardylar.
Çeşme: belta.by

GDA ýurtlarynyň II oýunlarynyň ýaryşlaryna gatnaşýan Türkmenistanyň suwda ýüzmek boýunça milli ýygyndy toparynyň türgenleri ýaryşyň öňüsyrasynda "Brest gahryman galasy" ýadygärlik toplumyna bardylar.

Toplumyň işgärleri türkmen wekiliýeti üçin gezelenç guradylar, Bugyň üstündäki galanyň gurluşygynyň taryhy we gahrymançylykly goranyşynyň esasy wakalary bilen tanyşdyrdylar - diýip, BELTA habar berýär. Türgenler ýadygärligiň Baky alawyna gül goýdular we wepat bolanlaryň ýagty ýadygärligini bir minutlyk dymyşlyk bilen hatyraladylar.

Çärä türkmen türgenlerinden başga-da Belarusyň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Wýetnamyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Pakistanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň wekilleri gatnaşdy. Myhmanlaryň aglaba köpüsiniň bu ýere ilkinji gezek gelşi bolup, gören-eşidenleri olarda uly täsir galdyrdy.

Bäsleşikden boş wagtlarynda Oýunlara gatnaşyjylar sebitiň beýleki gözel ýerlerine baryp görmäge mümkinçilik alarlar.

Suwda ýüzmek boýunça ýaryşlara ýurdumyzdan Dawid Akopýanyň, Selim Nazarowyň, Aýnur Merdanowanyň we Ejeş Primowanyň medallar üçin bäsleşjekdigini bellemelidiris.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026
Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

15:00 Oktýabr 22, 2026