HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Merkezi Aziýanyň iň beýik asma ýoly «Çimgan» özbek şypahanasynda gurlar

Awgust 10, 2023 | 00:02 |9360
Özbegistandaky «Çimgan» halkara ähli möwsümler üçin şypahanasynda
sagatda 800 adamlyk kuwwatlylygy bolan maýatnik görnüşli beýik dag
asma ýoly gurlar. Tanap arkaly işleýän dag demir ýoly 3309 metr
beýiklige çykar we Merkezi Aziýada iň beýik desga bolar diýip
Podrobno.uz habar berýär.Özbegistandaky «Çimgan» halkara ähli möwsümler üçin şypahanasynda
sagatda 800 adamlyk kuwwatlylygy bolan maýatnik görnüşli beýik dag
asma ýoly gurlar. Tanap arkaly işleýän dag demir ýoly 3309 metr
beýiklige çykar we Merkezi Aziýada iň beýik desga bolar diýip
Podrobno.uz habar berýär.
Çeşme: ria.ru

Özbegistandaky «Çimgan» halkara ähli möwsümler üçin şypahanasynda sagatda 800 adamlyk kuwwatlylygy bolan maýatnik görnüşli beýik dag asma ýoly gurlar. Tanap arkaly işleýän dag demir ýoly 3309 metr beýiklige çykar we Merkezi Aziýada iň beýik desga bolar diýip Podrobno.uz habar berýär.

Ýurduň prezidenti Şawkat Mirziýoýew 260 million dollardan gowrak gymmaty bolan Çimgan şypahanasynyň gurluşygyny çaltlaşdyrmak üçin birnäçe çäräni tassyklady. Taslama dürli görnüşli dynç alyş bilen döwrebap toparyň gurulmagyny göz öňünde tutýar.

Syýahatçylyk toplumynyň potratçysy Fransiýanyň «Montagne et Neige Développement» (MND) kompaniýasydyr. Belent dagdaky şypahana ýylda 3 milliondan gowrak adamy kabul edip biler. Esasy asma ýoldan başga-da, sagatda iň ýokary kuwwaty 2000 adam bolan ikinji gondola görnüşli funikulýar gurmak meýilleşdirilýär. Ol 2515 metr beýiklige çykar.

Taslamanyň çäginde bu ýerde gyş we tomus attraksionlaryň 20-den gowrak görnüşi: XXL Zip line, Alpine coaster, Adventure tower, Tubing, Via ferrata gurlar, uzynlygy 20 km-den gowrak bolan dürli derejeli kynçylykly 11 lyža ýollary enjamlaşdyrylar we 6 müň syýahatçylyk ýerleri üçin myhmanhana toplumlary we kottejler gurlar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

19:30 Awgust 26, 2026
Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

19:10 Awgust 26, 2026
Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

17:00 Awgust 26, 2026