HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Saud Arabystanynda telefonlara we beýleki elektron enjamlara zarýad bermeklikde USB Type-C arkaly täze çemeleşme

Awgust 09, 2023 | 10:27 |10885
Saud Arabystanynda täze düzgün güýje girer. Bu düzgüne laýyklykda, ähli mobil telefonlara we beýleki elektron enjamlara diňe USB Type-C arkaly zarýad berilmelidir.Saud Arabystanynda täze düzgün güýje girer. Bu düzgüne laýyklykda, ähli mobil telefonlara we beýleki elektron enjamlara diňe USB Type-C arkaly zarýad berilmelidir.
Çeşme: arabianbusiness.com

Saud Arabystanynda täze düzgün güýje girer. Bu düzgüne laýyklykda, ähli mobil telefonlara we beýleki elektron enjamlara diňe USB Type-C arkaly zarýad berilmelidir.

USB Type-C arkaly zarýad bermek boýunça soňky ýyllarda birnäçe ýurtlarda kanunlar kabul edildi. Şeýle çemeleşmäniň özi zarýad bermegiň hilini ýokarlandyrmakdan hem-de howpsuzlygyny üpjün etmekden we bu işi aňsatlaşdyrmakdan, daşky gurşawa ýetirilýän oňaýsyz täsirleri azaltmakdan ybaratdyr.

Type-C usuly birnäçe aýratynyklara, hususan-da çalt, kompaktlylyga, köpugurlylyga eýe bolup, ulanyjalar we önüm öndürjiler üçin örän amatlydyr.

Bu boýunça täze düzgün Saud Arabystanynda 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girer hem-de bu taslama ýurduň standartlar, metrologiýa, we hil boýunça edarasy tarapyndan Aragatnaşyk, kosmos we tehnologiýalar boýunça komissiýa bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylar. Taslama iki tapgyrda durmuşa geçiriler. Birinji tapgyr mobil telefonlary, planşetlary, kameralary, elektron kitaplary, wideooýunlar üçin enjamlary, nauşnikleri, klawiaturalary we beýlekileri, taslamanyň ikinji tapgyry bolsa 2026-njy ýylyň 1-nji aprelinden başlanar hem-de noutbuk kompýuterleri öz içine alar.

Saud Arabystany şeýle täze çemeleşmäniň üsti bilen zarýad berýän enjamlaryň ýylda içerki ulanylyşynyň möçberini 2,2 milliondan gowrak azaltmagy meýilleşdirýär. Mundan başga-da ýylda elektron galyndylarynyň möçberleriniň 15 tonna azaldylmagyna garaşylýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamy esasy göterim derejesini 3,75–4 göterim aralygynda saklady

ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamy esasy göterim derejesini 3,75–4 göterim aralygynda saklady

21:00 Oktýabr 30, 2026
Ştaýnmaýere Pekin uniwersitetiniň hormatly professory ady berildi

Ştaýnmaýere Pekin uniwersitetiniň hormatly professory ady berildi

19:00 Oktýabr 30, 2026
Awstraliýa Sun neberliginiň döwrüne degişli iki gadymy hytaý medeni gymmatlygyny yzyna gaýtardy

Awstraliýa Sun neberliginiň döwrüne degişli iki gadymy hytaý medeni gymmatlygyny yzyna gaýtardy

17:00 Oktýabr 30, 2026