Gyrgyzystanda «Silk Road Mountin Race 2023» halkara welosiped ýörişi başlaýar


Gyrgyzystanda 12-nji awgustdan 26-njy awgust aralygynda «Silk Road Mountin Race 2023» atly halkara welosiped ýörişi geçiriler. Deslapky maglumatlara görä, ýaryşa Merkezi Aziýa döwletlerinden we dünýäniň beýleki ýurtlaryndan 200-den gowrak welosipedçi gatnaşar diýip, Kabar Gyrgyzystanyň Syýahatçylyk ministrligine salgylanýar.
Ýoluň umumy uzynlygy 1800 km, şolardan 30 640 metr – ýokary çykyş. Şu ýyl welosiped ýörişi Karakol şäherinde başlar we Enilçek - Saruu - Žukuu geçelgesi - Naryn - Kel-Suu - Baýetow - Kazarman - Son-Kol - Kegeti - Çon-Kemin - Kok-Aýryk geçelgesi ugry bilen dowam edip, Issyk-Kul kölüniň kenaryndaky Çolpan-Atada tamamlanar.
«Silk Road Mountin Race 2023» halkara welosiped ýörişi Syýahatçylyk ministrliginiň we Gyrgyzystanyň syýahatçylyk kompaniýalarynyň goldawy bilen 2018-nji ýyldan bäri geçirilýär we oňa dünýäniň 30-dan gowrak ýurdundan 200-e golaý welosipedçi gatnaşýar diýilip, habarda aýdylýar.
ORIENT news








