HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaýda çagalaryň ykjam interneti ulanmagynyň düzgünlerini ara alyp maslahatlaşdylar

Awgust 04, 2023 | 01:48 |7637
Hytaýyň kiber giňişlik meseleleri boýunça müdirligi, kämillik ýaşyna ýetmedikleriň onlaýn goragyny netijeli güýçlendirmek üçin, olaryň ykjam enjamlary we interneti ulanmagynyň täze düzgünleriniň ara alyp maslahatlaşylmagy we düşündirişleri üçin taslamasyny hödürledi.Hytaýyň kiber giňişlik meseleleri boýunça müdirligi, kämillik ýaşyna ýetmedikleriň onlaýn goragyny netijeli güýçlendirmek üçin, olaryň ykjam enjamlary we interneti ulanmagynyň täze düzgünleriniň ara alyp maslahatlaşylmagy we düşündirişleri üçin taslamasyny hödürledi.
Çeşme: chinanews.com.cn

Hytaýyň kiber giňişlik meseleleri boýunça müdirligi, kämillik ýaşyna ýetmedikleriň onlaýn goragyny netijeli güýçlendirmek üçin, olaryň ykjam enjamlary we interneti ulanmagynyň täze düzgünleriniň ara alyp maslahatlaşylmagy we düşündirişleri üçin taslamasyny hödürledi.

Şeýlelik bilen, «Kämillik ýaşyna ýetmedikler üçin ykjam internetiň modelini döretmek boýunça gollanma» garaldy. Bu ýaşlar üçin howpsuz we sagdyn onlaýn gurşawyň döredilmegini göz öňünde tutýar. Taslama köpçülige düşündirişler we teklipler üçin açyk we ilatyň ähli gatlaklary ara alyp maslahatlaşmaga işjeň gatnaşyp bilerler.

«Gollanma» ykjam internetiň ikinji derejeli modelleriniň gurulmagyny, ýagny çagalaryň smartfonlaryny «kämillik ýaşyna ýetmedik» režimine geçirmegi teklip edýär. Bu akylly ykjam terminallaryň, amaly programmalaryň we amaly paýlaýyş platformalarynyň dürli ýaşdaky ulanyjylara, dürli ýaşdaky fiziki we akyl ösüş aýratynlyklaryna esaslanýan önümiň görnüşlerine, mazmunyna we aýratynlyklaryna baha bermek arkaly olaryň beden we akyl taýdan ösüşine laýyk gelýän maglumat we hyzmatlar bilen üpjün etmegini göz öňünde tutýar.

Ýaş klassifikasiýa shemasy aşakdaky bäş ýaş aralygyna bölünýär: 3 ýaşa çenli; 3 ýaşdan 8 ýaşa çenli; 8 ýaşdan 12 ýaşa çenli; 12-16 ýaş aralygynda; 16-18 ýaş aralygynda.

Her ýaş üçin öz wagt-menejmenti teklip edilýär: 8 ýaşa çenli çagalar üçin mobil internet günde 40 minutdan köp bolmadyk, 8 ýaşdan 15 ýaşa çenli – günde bir sagatdan köp bolmadyk we 16 ýaşdan 17 ýaşa çenli ýetginjekler üçin - günde iki sagatdan köp bolmadyk wagt elýeterli bolup biler. Üstesine-de her ýarym sagatdan enjam ulanyja dynç almagyň zerurdygyny ýatlatmalydyr.

Gündelik ulanyş wagty geçilende, ykjam akylly terminal käbir zerur hem-de ene-atalar tarapyndan tassyklanan goşundylardan başga beýleki goşundylary awtomatiki usulda ýapmalydyr. Şol bir wagtyň özünde, ykjam internete girmek kämillik ýaşyna ýetmedikler üçin 22:00-dan 06:00-a çenli ýapyk bolar.

Kadadan çykmalar bilim maksatly, şahsy howpsuzlyk gorag hyzmatlary, gyssagly kömek çagyryş we kepillendirilen akyl we beden ösüş goşundylary we onlaýn-kurslary, şekilleri gaýtadan işlemek üçin käbir goşundylary öz içine alýar. Mundan başga-da, goşundylara ene-ata ulanyjy sazlamalaryndan goşulyp/aýrylyp bilner.

Ýaş ulanyjynyň ikinji derejeli režimden çykmagynda, ene-atalar bar bolan tanamak mehanizmine esaslanyp tassyklamaly we razy bolmalydyr.

Düzgünleriň taslamasy Hytaýyň onlaýn oýunlaryň çagalara we ýetginjeklere edýän täsirini çäklendirmek syýasatynyň dowamydyr. Ol 2023-nji ýylyň sentýabryna çenli ara alnyp maslahatlaşylar.

Hytaýda 2021-nji ýylda oýun platformalarynyň kämillik ýaşyna ýetmediklere diňe anna, dynç we baýramçylyk günlerinde sagat 20:00-dan 21:00-a çenli hyzmat edip biljekdigi barada düzgün girizdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026