HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Kuraş sporty boýunça ýurdumyzyň türgenleri Gyrgyzystana okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna ugrarlar

Awgust 03, 2023 | 13:02 |5740
30 sany türkmen göreşçileri, şolaryň hatarynda 16 sany zenan we 14 sany erkek türgen öňdäki boljak sport ýaryşlaryna taýýarlyk görmek üçin 2-25-nji awgust aralygynda türgenleşik ýygnanşygyny geçirerler. Gürrüň sentýabr-oktýabr aýlarynda Hytaýda geçjek Aziýa oýunlary hem-de Aşgabatda geçirilmegi göz öňünde tutulýan Kuraş boýunça Dünýä çempionaty barada barýar.30 sany türkmen göreşçileri, şolaryň hatarynda 16 sany zenan we 14 sany erkek türgen öňdäki boljak sport ýaryşlaryna taýýarlyk görmek üçin 2-25-nji awgust aralygynda türgenleşik ýygnanşygyny geçirerler. Gürrüň sentýabr-oktýabr aýlarynda Hytaýda geçjek Aziýa oýunlary hem-de Aşgabatda geçirilmegi göz öňünde tutulýan Kuraş boýunça Dünýä çempionaty barada barýar.
Çeşme: turkmenistan.gov.tm

30 sany türkmen göreşçileri, şolaryň hatarynda 16 sany zenan we 14 sany erkek türgen öňdäki boljak sport ýaryşlaryna taýýarlyk görmek üçin 2-25-nji awgust aralygynda türgenleşik ýygnanşygyny geçirerler. Gürrüň sentýabr-oktýabr aýlarynda Hytaýda geçjek Aziýa oýunlary hem-de Aşgabatda geçirilmegi göz öňünde tutulýan Kuraş boýunça Dünýä çempionaty barada barýar.

Bu barada Türkmenistanyň Kuraş göreşi Federasiýasynyň baş kätibi Öwezmuhammet Atalyýew “Türkmenistan” gazetine beren interwýusynda habar berdi.

Bellenişi ýaly, ýerlerde geçirilen türgenleşikden soňra, türgenler Gyrgyzystanyň Issyk-köl sebitine ugrarlar we bu ýerde 17-nji sentýabra çenli türgenleşik geçerler. Soňra göreşçiler ýurdumyzda türgenleşik geçerler. Hytaýa 66, 90, 52 we 78 kilogram agram derejelerindäki 6 türkmen göreşçisi ugradylar.

Şeýle hem Aziýa oýunlary bilen Dünýä çempionaty aralygyndaky wagtda türgenleriň daşary ýurda nobatdaky okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryna ugradyljakdygy bellenilýär. Aşgabatda geçiriljek Dünýä çempionatynda türkmen erkek türgenleri 8 sany agram derejesinde, zenanlar bolsa 7 sany agram derejesinde çykyş ederler.

Şeýle hem Dünýä çempionatyny geçirmäge taýýarlyk görmegiň çäklerinde Türkmenistana Halkara kuraş assosiasiýasynyň wekilleriniň gelmegine garaşylýar. Şol saparyň çäklerinde ýaryşyň Düzgünnamasy işlenip taýýarlanylar. Bu Düzgünnamada ýaryş baradaky ähli maglumatlar jikme-jik görkeziler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
BMGÖM we Winrock International, Turkmenistanda sanly başarnyklar we telekeçilik maksatnamasyna arzalary kabul edýär

BMGÖM we Winrock International, Turkmenistanda sanly başarnyklar we telekeçilik maksatnamasyna arzalary kabul edýär

22:30 Noýabr 10, 2026
Nesilleri birleşdirýän hatyra: Türkiýe Atatürki ýatlaýar

Nesilleri birleşdirýän hatyra: Türkiýe Atatürki ýatlaýar

17:00 Noýabr 10, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň Doly ygtyýarly wekilleriniň maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň Doly ygtyýarly wekilleriniň maslahatyna gatnaşýar

22:31 Noýabr 09, 2026