Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň wekilleri Türkmenistanyň syýasy partiýalary bilen gepleşikleri geçirdiler


30-njy iýul – 1-nji awgust aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň agzasy, partiýanyň Sinhaý welaýat komitetiniň sekretary Çen Ganyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet agzalary ýurdumyzyň Demokratik, Agrar we Senagatçylar we telekeçiler partiýalarynyň ýolbaşçylary bilen gepleşikleri geçirdiler. Bu barada ýurdumyzyň resmi metbugaty habar berýär.
Gepleşikleriň barşynda, syýasy partiýalaryň arasyndaky gatnaşyklaryň ýurtlaryň arasyndaky özara hyzmatdaşlygy we düşünişmegi berkitmekdäki ähmiýeti nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda özara gatnaşyklary ösdürmekde syýasy partiýalaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýeti bellendi. Duşuşyklaryň barşynda, myhman HHR-iň Kommunistik partiýasynyň XX Ählihytaý gurultaýynyň jemleri bilen türkmen syýasy partiýalarynyň wekillerini tanyşdyrdyrdy.
Hytaý Halk Respublikasynyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň agzasy hökmünde Çen Gan Sinhaý welaýatynyň ýeten sepgitleri we aýratynlyklary barada wideoşekilli görnüş arkaly tanyşdyrdy.
Medeni maksatnamanyň çäklerinde hytaý wekiliýeti Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine, Halkara atçylyk toplumyna, Türkmen halysynyň milli muzeýine we Arkadag şäherine baryp gördüler. Saparyň barşynda, Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň agzasy Çen Gan Türkmenistanyň daşary işler ministri bilen hem gepleşikleri geçirdi.
ORIENT news








