Aziýanyň ösüş banky we Ýaponiýanyň hökümeti okuwy dowam etdirmek üçin stipendiýa hödürleýärler


Aziýanyň ösüş banky AÖB we Ýaponiýanyň hökümeti bankyň hyzmatdaş-ýurtlarynyň raýatlaryna, şol sanda Türkmenistanyň raýatlaryna stipendiýa hödürleýärler. Ol Ýuwaş ummany sebitiniň ýokary okuw jaýlarynda öz bilimini dowam etdirmek, şol sanda magistraturada we aspiranturada okamak isleýän talyplar üçin elýeterdir
Stipendiýa okuw, ýaşaýyş, ulag, okuw kitaplary üçin çykdajylary, şeýle hem saglyk ätiýaçlandyryşyny ýapýar. Mundan başga-da ol ylmy-barlag taslamasyny ýerine ýetirmek üçin goşmaça maliýe goldawyny almak mümkinçiligini berýär. Stipendiýa bir ýyllyk möhlet bilen berilýär we okuw üstünlikli bolan ýagdaýynda ony uzaltmak mümkinçiligi bardyr. Magistraturada bilim almak isleýän abiturientler iki ýyllyk grant, aspiranturada okamak isleýänler bolsa – üç ýyllyk grant alyp bilerler.
AÖB-nyň stipendiýasyny almak üçin bankyň resmi saýtyndan ýüklenip alnan onlaýn-formany doldurmaly we ony okuwyň başlanmagyna azyndan 6 aýdan az bolmadyk wagt galanda tabşyrmaly. Dalaşgärleriň deslapky seçimleri geçirilenden soňra, okuw jaýy banka ýüz tutmany ugradýar, ol hem stipendiýany aljaklary kesgitleýär.
AÖB-nyň-Ýaponiýanyň hökümetiniň stipendiýasyna dalaşlyk edýän dalaşgär aşakdaky talaplara gabat gelmelidir: AÖB-nyň hyzmatdaş-ýurtlarynyň biriniň raýady bolmaly we 35 ýaşdan uly bolmaly däl (dolandyryş we menejment maksatnamalaryndan başgalar üçin, ol ýerde 45 ýaşa çenli rugsat berilýär), şeýle hem akademiki taýdan örän gowy ýetişigi bolmaly. Mundan başga-da, AÖB-nyň stipendiýa maksatnamasynyň hyzmatdaş-uniwersitetleriniň biriniň magistratrasyna ýa-da aspiranturasyna girmek gerekdir we AÖB-nyň-Ýaponiýanyň hökümetiniň stipendiýasyny almak islegini görkezmelidir.
ORIENT habarlar








