Ak bugdaý etrabynda täze suw göteriji beket gurlar


Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda sekuntda 2,13 kub metr suwy götermäge ukyply täze suw bekedi gurlar. “Ýaşyldepe” diýlip atlandyryljak täze suw göteriji beketde suwy eltiji, göteriji, paýlaýjy turbageçirijiler we elektrik hereketlendirijiler oturdylar.
Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň sargydy bilen täze suw göteriji desgany gurmak boýunça Gurluşyk we binagärlik ministrligi bäsleşik yglan edýär diýip, resmi metbugat habar berýär. Gurluşyk işine gatnaşmak isleýän taraplaryň ýüztutmalary Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýynda ýerleşýän Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginde 7-nji sentýabra çenli kabul edilýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-46-64, 44-46-77.
ORIENT news








