Türkmenistanlylar hytaý dili boýunça bäsleşige gatnaşyp bilerler


Dünýäniň ähli künjeginden daşary ýurtlular hytaý dilini bilmek boýunça halkara bäsleşige gatnaşyp bilerler. Bu barada “China daily” habar berýär.
Oňa gatnaşyjylar iki ugur boýunça – kaligrafiýa we žiwopis ugry boýunça bäsleşige gatnaşyp bilerler.
Kaligrafiýa boýunça bäsleşige gatnaşyjylar hytaý dilinde kaligrafik ýazuwy ýazmak boýunça bäsleşerler. Hatda ýagşylyk, gözellik ýaly ynsanperwer gymmatlyklar beýan edilmelidir.
Žiwopis ugrunda kompýuterde ýerine ýetirilen hytaý suratlaryny çekip, bäsleşige gatnaşyp bilerler. Suratlarda pozitiw häsiýetler beýan edilmelidir.
Mundan daşary, bäsleşige gatnaşyjylar kaligarfiýany ýa-da suraty döretmegiň taryhy, onda beýan edilýän pikirler we ideýalar bilen 2 – 5 minutlap dowam edýän wideoşekilde beýan etmelidir.
Bäsleşige gatnaşmaga gyzyklanma bildirýänler şu salgy boýunça degişli resminamany dolduryp, şu salga ugradyp bilerler: chinesebridge@chineseplus.net.
Eelktron hata şeýle hem, çekilen suratyň ýa-da kaligrafiýanyň elektron görnüşe geçirilen nusgasy goşulmalydyr. Oňa gatnaşyjylar hormat hatlary bilen sylaglanar.
Bäsleşik barada giňişleýin şu salgy boýunça tanşyp bilersiňiz .
ORIENT news








