HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

ChatGPT-ni maliýe bazarynda gurallaryň seljermesi üçin ulanyp başladylar

Iýul 26, 2023 | 13:54 |7540
Microsoft kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen ChatGPT emeli intellektini maliýe bazarynda üýtgemeleri çaklamak üçin ulanyp başladyar.  Golaýda EI Polkadot kriptowalýutasynyň häzirki bahasynyň $5 bolanlygyndan 2024-nji ýylyň ahyryna çenli bahasynyň $250 çenli artjakdygyny öňünden aýtdy.Microsoft kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen ChatGPT emeli intellektini maliýe bazarynda üýtgemeleri çaklamak üçin ulanyp başladyar.  Golaýda EI Polkadot kriptowalýutasynyň häzirki bahasynyň $5 bolanlygyndan 2024-nji ýylyň ahyryna çenli bahasynyň $250 çenli artjakdygyny öňünden aýtdy.
Çeşme: walloftraders.com

Microsoft kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen ChatGPT emeli intellektini maliýe bazarynda üýtgemeleri çaklamak üçin ulanyp başladyar. Golaýda EI Polkadot kriptowalýutasynyň häzirki bahasynyň $5 bolanlygyndan 2024-nji ýylyň ahyryna çenli bahasynyň $250 çenli artjakdygyny öňünden aýtdy.

Polkadot — bu dürli blokçeýn-torlary ýeke-täk ekoulgama birleşdirmäge mümkinçilik berýän taslamadyr. ChatGPT-niň seljermesine laýyklykda, Polkadot merkezden daşlaşdyrylan goşundylar we smart-kontraktlar babatynda ösüş we innowasiýalar üçin uly mümkinçilige eýedir.

ChatGPT öz çaklamalaryny dürli çeşmelerden alnan maglumatlaryň, täzelikleriň, sosial torlaryň, tehiki görkezijileriň we ş.m. uly möçberine esaslandyrýar. Ulgam 28-29-njy iýunda Kopengagende geçen Polkadot Decoded-iň golaýdaky maslahatynyň jemlerini seljerdi. Onda Polkadoty esaslandyryjy Gewin Wud taslamanyň ýakyn ýyllardaky ösüşiniň täzelenen ýol kartasyny görkezdi. Oňa laýyklykda Polkadot blokçeýniň esasy üýtgemeleriniň biri tassyklaýjylar üçin ýeri kärendesine bermegiň häzirki modelinden wagty satmagyň täze modeline geçmeklik bolar.

Şunuň bilen bir wagtda pudagyň bilermenleri ChatGPT tehnologiýasynyň kriptowalýutanyň bahasyny anyk çaklamak üçin entäk taýýar däldigini nygtaýarlar. Ulgam tarapyndan alnan netijeler köplenç ýalňyş bolup çykýar we bazardaky hakyky ýadaýdan güýçli tapawutlanýarlar.

Hususanda, ChatGPT-niň seljermesinde soňky ýyl üçin islegiň we teklibiň hereketi ýaly möhüm faktorlar göz öňünde tutulmandyr. Bilermenler EI-iň seljermesine seresaplylyk bilen garamagy we olary hakyky bazar maglumatlary bilen deňeşdirmegi maslahat berýärler.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Fransiýa jöwzaly yssa taýýarlanýar: Fransiýanyň Banky munuň ykdysadyýete ýetirjek täsirlerine baha berýär

Fransiýa jöwzaly yssa taýýarlanýar: Fransiýanyň Banky munuň ykdysadyýete ýetirjek täsirlerine baha berýär

18:00 Iýun 22, 2026
Ýarym million ýürek, bir gol: Kabo-Werde nähili edip dünýä çempionyny saklady we adalara taryhy deňligi getridi

Ýarym million ýürek, bir gol: Kabo-Werde nähili edip dünýä çempionyny saklady we adalara taryhy deňligi getridi

17:00 Iýun 22, 2026
Sanly ŞHG: Gyrgyzystan galp maglumatlara garşy göreşmek we mazmun alyşmak üçin media öňdebaryjylaryny bir ýere ýygnady

Sanly ŞHG: Gyrgyzystan galp maglumatlara garşy göreşmek we mazmun alyşmak üçin media öňdebaryjylaryny bir ýere ýygnady

16:00 Iýun 22, 2026