Türkmen işewürleri Hytaýda geçiriljek halkara intellektual senagat sergisine gatnaşmaga çagyrylýar
Iýul 24, 2023 | 15:17 |5646


Türkmenistanyň hususy düzümleriniň agzalary Hytaýyň günorta-günbatar sebitinde ýerleşýän Çunsin şäherinde 4 – 6-njy sentýabrda geçiriljek halkara intellektual senagat sergisine gatnaşmaga çagyrylýar. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi habar berýär.
“Smart China Expo 2023” diýlip atlandyrylýan bu sergi şahsy gatnaşyk we wideoaragatnaşyk arkaly utgaşykly geçirilýär. 2018-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýän bu sergi intellektual eýeçilik we täze tehnologiýalar babatda halkara hyzmatdaşlygy ilerletmek üçin amatly giňişlikdir.
Sergide 30-dan gowrak pudakda täze tehnologiýalary ulanmagyň ýollary tanyşdyrylýar.
ORIENT news








