Türkmen kompaniýalary F-Stambul azyk sergisine gatnaşýarlar


"Türkmenistanda öndürildi" diýlip belgilenen azyk önümleri 12-nji iýulda Türkiýäniň Stambul şäherinde açylan F-Istanbul Food and Beverage Fair Halkara azyk sergisinde görkezilýär. Şu ýyl Stambul sergi merkezi 96-dan gowrak ýurtdan, şol sanda Türkmenistandan müňe golaý brendi birleşdirdi – diýlip, serginiň guramaçylarynyň saýtynda habar berilýär.
Şu ýyl ikinji gezek geçirilýän Stambul ýarmarkasy azyk senagatynyň gyzyklanma bildirýän ähli düzümlerini, şol sanda gaýtadan işlenen azyk öümlerini, içgileri, konditer önümlerini, azyk goşundylary we gaplamalary öndürijileri birleşdirýär. Sergi pawilionlaryna dünýäniň onlarça ýurdundan bu ugurda işleýän 15müň töweregi işewürleriň we hünärmenleriň gelip görmegine garaşylýar.
Türkmenistana bu halkara sergi-ýarmarkasynda konditer önümlerini we beýleki azyk önümlerini öndürijiler bolan Altyn Ýunus, Kilwan, Täze Aý, Balşeker, Parahat, Arçalyk, Parasatly, Mähriban-Merw ýaly 16 hususy kompaniýa wekilçilik edýär.
Stambul ýarmarkasy kompaniýalar we telekeçiler üçin ajaýyp mümkinçilikleri hödürleýär. Ýarmarka gatnaşyjylar halkara bazarlaryna, täze hyzmatdaşlyga we işewür gatnaşyklary giňeltmek üçin mümkinçiliklere eýe bolýarlar.
ORIENT news








