Türkmen samboçylary halkara ýaryşda 4 medal gazandylar


Türkmen türgenleri sambo boýunça halkara “Gran-pri” ýaryşynda 4 sany bürünç medal gazandylar. Bu ýaryşa türkmen türgenlerinden başga-da, Russiýadan, Ermenistandan, Gazagystandan, Täjigistandan, Azerbaýjandan we Özbegistandan 100-den gowrak türgen gatnaşdy.
Ählirus sambo federasiýasynyň mälim etmegine görä, türkmen ýygyndysyna ilkinji bürünç medaly 71 kg agramda çykyş eden Abdylla Babaýew getirdi. Şeýle hem ýurdumyzyň türgenleri – Wýaçeslaw Işhanýan (88 kga-a çeni), Bezirgen Begenjow (98 kg-a çenli) we Çarymyrat Annagurbanow (98 kg-dan ýokary) bürünç medallary eýelediler.
Sambo boýunça halkara ýaryşynyň medal sanawynda Russiýa birinji, Ermenistan ikinji, Azerbaýjan hem üçünji ýerde barýar.
ORIENT news








