“Merkezi Aziýa – Ýaponiýa” formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň duşuşygyny geçirmek öňe sürülýär
Iýun 24, 2023 | 11:22 |6531


Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisida ýurduň daşary işler ministrligine Ýaponiýanyň, Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygyny guramak boýunça meseleleri öwrenmegi tabşyrdy. Bu barada “Kyodo” habarlar agentligi mälim edýär.
Bu baradaky teklip ýurduň Hökümet Baştutanynyň deputatlar bilen geçiren duşuşygynda orta atyldy. Bellenişi ýaly, Merkezi Aziýa tebigy baýlyklara baý möhüm geosyýasy sebit bolup, Ýaponiýa üçin uly ähmiýetlidir.
Kabul edilen resminamda geljek 2024-nji ýyldan başlap, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Ýaponiýanyň döwlet Baştutanlarynyň yzygiderli duşuşygyny geçirmek bellenilýär.
ORIENT news








