HOK baştutany kibersportyň Olimpiýa hepdeliginiň açylyşynda gologramma şekilinde peýda boldy


Singapurda geçýän kibersportyň Olimpiýa hepdeliginiň açylyş dabarasynda (Olympic Esports Week), Halkara Olimpiýa komitetiniň prezidenti Tomas Bah gologramma görnüşinde peýda boldy. Bu barada Halkara olimpiýa komitetiniň saýtynda habar berilýär.
Şeýlelik bilen Tomas Bah innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly fiziki we wirtual dünýäleriň birleşmegini görkezdi. Öz çykyşynda ol türgenlere bu taryhy pursatda öz mümkinçiliklerini iň ýokary derejede görkezmegi arzuw etdi.
«Häzir siziň özüňizi görkezmeli pursadyňyz. Mydama kämilligiň, hormat goýmagyň we adalatly oýunyň ruhunda bäsleşiň. Sebäbi hakyky çempion bolmak — bu ýöne ýeňmekden has köpdür» — diýip, HOK-niň baştutany aýtdy.
Ýatdan çykmajak şüweleňi döretmek üçin golografiki şekile goşmaça bu şüweleňe lazer proýeksiýasy we awtomatlaşdyrma hem girizildi.
Dört günlük festiwal — kibersportyň Olimpiýa hepdeligi kibersportda bar bolan iň gowularyny görkezer, gatnaşyjylara özlerini her dürli simulýasion görnüşlerde synag edip görmäge mümkinçilik berer. Onuň çäklerinde wirtual sport babatynda iň täze tehnologiýalar we üstünlikler görkeziler.
ORIENT habarlar








