HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen ýaý atyjy türgenleri halkara ýaryşda 3 medal gazandylar

Iýun 20, 2023 | 13:04 |24052
Ýaý atmak sporty boýunça jemi 10 türgenden ybarat türkmen ýygyndysy Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astanada geçirilen halkara ýaryşynda çykyş etdiler. “Gran-pri Astana” ady bilen geçirilen ýaryşda türgenlerimiz jemi 3 medal: 1 altyn, 1 kümüş we 1 bürünç medala eýe boldular.Ýaý atmak sporty boýunça jemi 10 türgenden ybarat türkmen ýygyndysy Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astanada geçirilen halkara ýaryşynda çykyş etdiler. “Gran-pri Astana” ady bilen geçirilen ýaryşda türgenlerimiz jemi 3 medal: 1 altyn, 1 kümüş we 1 bürünç medala eýe boldular.
Çeşme: turkmenistan.gov.tm

Ýaý atmak sporty boýunça jemi 10 türgenden ybarat türkmen ýygyndysy Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astanada geçirilen halkara ýaryşda çykyş etdiler. “Gran-pri Astana” ady bilen geçirilen ýaryşda türgenlerimiz jemi 3 medal: 1 altyn, 1 kümüş we 1 bürünç medala eýe boldular.

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň mälim etmegine görä, halkara ýaryşy 13 – 18-nji iýun aralygynda geçirildi.

Aşgabat şäherindäki 27-nji orta mekdebiň okuwçysy Ezizmuhammet Sähedow 21 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen ýaryşda iň ýokary basgançaga – altyn medala eýe boldy. Ikinji orna, ýagny, kümüş medala Türkmenistanyň Milli ýaý atyjylyk federasiýasynyň türgeni Georgiý Agiýarow mynasyp boldy.

21 ýaşa çenli zenan türgenleriň arasynda geçirilen ýaryşda Aşgabat şäherindäki 5-nji sport mekdebiniň tälimçisi Ogulsuraý Kakyşowa bürünç medala mynasyp boldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

01:44 Noýabr 03, 2026
Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

20:00 Noýabr 02, 2026
Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

18:00 Noýabr 02, 2026