Emeli intellekt Ýewropa oýunlary-2023-däki sport ýaryşlaryny alyp görkezer


Ýewropanyň ýeňil atletika birleşmesi emeli intellekti ulanyp, Polşada geçjek III Ýewropa oýunlaryndaky öz ýaryşlarynyň gije-gündiziň dowamynda audio alnyp berlişini üpjün eder. Neýroset orta aralyklara ylgamak boýunça britan ylgaýjysy we kommentatory Hanna Inglendiň sesini klonlaşdyrmak bilen meşgullanar.
Ýewropanyň ýeňil atletika boýunça Ýewropa oýunlarynyň çägindäki Sileziýadaky toparlaýyn çempionaty şu gün, Polşanyň Krakowasynda açylyş dabarasyna bir gün galanda başlanýar.
Bu başlangyjy ýerine ýetirmek üçin Ýewropanyň ýeňil atletika birleşmesi ozalky hyzmatdaşy, Ýewropanyň ýaýlym birleşigine (EBU) degişli bolan Eurovision Sport bilen işleşdi.
Birleşmäniň ýerine ýetiriji direktory Kristian Mils bu kararyň Polşadaky ýaryşlara täze auditoriýany çekmäge gönükdirilendigini beýan etdi.
«Ähtimal, ýeňil atletika dünýäde sportyň iň inklýuziw görnüşidir, ýöne biz bu sporty hemmeler üçin elýeter edip, ony has hem giňeltmek isleýäris. Ynha, şol sebäpli biz tehnologiýalardaky üstünlikleri bu maksada ýetmekde nähili ulanyp biljekdigimizi hemişe öwrenýäris, indi emeli intellektiň täsinlikleri we biziň Eurovision Sport bilen hyzmatdaşlygymyz sebäpli, bizde ýeňil atletikany adamlaryň has köp sanyna ýetirmek üçin ýene-de bir innowasion usul bar» — diýip, ol aýtdy.
ORIENT news








