HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Belarus ministri Türkmenistanyň hokkeý sportuna ýokary baha berdi

Iýun 20, 2023 | 11:04 |5884
Belarus ministri Türkmenistanyň hokkeý sportuna ýokary baha berdiBelarus ministri Türkmenistanyň hokkeý sportuna ýokary baha berdi
Çeşme: sb.by

Belarus Respublikasynyň sport we syýahatçylyk ministri Sergeý Kowalçuk ýurdumyza iki günlük saparynyň barşynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy Gulmyrat Agamyradow bilen duşuşdy. Onda iki ýurduň arasynda sport hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Saparyň barşynda myhman paýtagtymyzda ýerleşýän Gyşky sport toplumyna baryp, bu ýerde döredilen döwrebap şertler bilen ýakyndan tanşyp, bu ýerde guralan hokkeý oýnuna tomaşa etdi.

Gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy Gulmyrat Agamyradow we Belarus Respublikasynyň sport we syýahatçylyk ministri Sergeý Kowalçuk dürli sport görnüşlerini ösdürmek, türgenleri taýýarlamak ulgamyny döretmek meselelerini, şol sanda dostlukly döwletiň sport toplumlarynda okuw türgenleşiklerini guramak mümkinçliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hokkeý sporty boýunça belarus tejribesini öwrenmek türkmen türgenleri üçin örän ähmiýetli bolar.

Türkmenistanyň Hokkeý federasiýasynyň başlygy Jora Hudaýberdiýewiň mälim etmegine görä, belarus tarapy türkmen ýygyndysyny Minsk şäherinde guraljak okuw türtgenleşik ýygnanyşyklaryna çagyrdy. Belarus Respublikasynyň sport we syýahatçylyk ministri Sergeý Kowalçuk Türkmenistanda hokkeý sportunyň ösüşine ýokary baha berdi. Munuň şeýledigine ýurdumyzyň ýygyndysynyň hokkeý boýunça geçen çempionatda görkezen netijeleri hem şaýatlyk edýär. Şonda biziň toparymyz çempionatyň “A” toparynyň 3-nji diwizionynda çykyş edip, ikinji orna mynasyp bolupdy.

Duşuşygyň barşynda, iki ýurduň hokkeý federasiýalarynyň arasynda 2019-njy ýylda gol çekilen hyzmatdaşlyk Ähtnamasynyň durmuşa geçirilişiniň işjeňleşdirilmegi bellendi. Bu Ähtnama iki ýurduň hokkeý federasiýalarynyň arasynda uzakmöhletleýin özara gatnaşyklary, maglumat we usulyýet alyş-çalşygyny, okuw türgenleşik ýygnanyşyklaryny guramagy ýola goýmagy we türgenleriň ýokary taýýarlygyny üpjün etmekde hyzmatdaşlyk etmegi göz öňünde tutýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

01:44 Noýabr 03, 2026
Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

20:00 Noýabr 02, 2026
Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

18:00 Noýabr 02, 2026