Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndy topary CAFA-2023-de öz çykyşyny tamamlady


Türkmenistanyň milli ýygyndysy Merkezi Aziýa Futbol assosiasiýasynyň CAFA Nations Cup-2023 – Milletler kubogynyň üçünji tapgyrynda Omanyň toparyndan ýeňildi.
"Pahtakor" stadionynda geçirilen duşuşyk 2:0 hasabynda Oman ýygyndy toparynyň peýdasyna tamamlandy.
Duşuşykda hasap Türkmenistanyň ozal ygtybarly hasaplanýan derwezeçisi Resul Çaryýewiň ýalňyşlygyndan soň, oýnuň birinji ýarymynyň ahyrynda açyldy. Derwezeçiniň al-Ýahýanyň uran pökgüsini şowsuz gaýtarmagy Muşaifrä birinji goly geçirmäge amatly mümkinçilik döretdi.
Ikinji ýarymda türkmen ýygyndysy düzüminde tejribeli türgenler – Arslanmyrat Amanow we Didar Durdyýew bilen meýdança çykdy. Garşydaş toparyň derwezesiniň öňünde howply pursatlaryň artandygyna seretmezden, olaryň hiç biri gol bilen tamamlanmady.
76-njy minutda türkmen topary pleý-off, ýagny oýnuň jemleýji tapgyryna çykmak mümkinçiligini gutarnykly ýitirdi. Çaryýewiň emele gelen ýagdaýa kembaha garamagy we derwezeden daşlaşmagy garşydaş toparyň utuk sanynyň artmagyna getirdi. Al-Ahbari özüne geçen pökgini topardaşy al-Sabhä gönükdirdi, ol bolsa öz gezeginde ussatlyk bilen tora saldy.
"A" toparynyň paralel oýnunda Özbegistan 5:1 hasabynda Täjigistany ýeňdi.
Üç tapgyryň netijelerine görä, 9 utuk toplan Özbegistanyň ýygyndysy topardaşlarynyň arasynda öňdeligi eýeläp, ýaryşyň jemleýji tapgyryna çykdy, ol "B" toparynyň ýeňijisi bolan eýranly garşydaşlary bilen duşuşar. Öz dörtlüginiň ikinji ornuny eýelän Gyrgyzystanyň we Omanyň toparlary bolsa bürünç medallar ugrunda ýaryşarlar.
ORIENT news








