HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Seýdi şäherinde geçirilen seminarda bagbançylyk, ýyladyşhana ekerançylygy we suwarymly oba hojalygy pudagynda innowasion çemeleşmeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iýun 14, 2023 | 00:33 |6128
Lebap welaýatynyň Seýdi şäherinde synag sebtinde ýer we suw
baýlyklaryny tygşytly peýdalanmak üçin usullary we tehnologiýalary
ulanmak, şeýle hem howanyň üýtgemegi we biodürlüligi gorap
saklamak şertlerinde ýerden peýdalanmagy meýilleşdirmek arkaly
alternatiw girdeji çeşmelerini almak boýunça seminar geçirildi.Lebap welaýatynyň Seýdi şäherinde synag sebtinde ýer we suw
baýlyklaryny tygşytly peýdalanmak üçin usullary we tehnologiýalary
ulanmak, şeýle hem howanyň üýtgemegi we biodürlüligi gorap
saklamak şertlerinde ýerden peýdalanmagy meýilleşdirmek arkaly
alternatiw girdeji çeşmelerini almak boýunça seminar geçirildi.
Çeşme: BMGÖM

Lebap welaýatynyň Seýdi şäherinde synag sebtinde ýer we suw baýlyklaryny tygşytly peýdalanmak üçin usullary we tehnologiýalary ulanmak, şeýle hem howanyň üýtgemegi we biodürlüligi gorap saklamak şertlerinde ýerden peýdalanmagy meýilleşdirmek arkaly alternatiw girdeji çeşmelerini almak boýunça seminar geçirildi.

Duşuşykda BMGÖM-yň we Türkmenistan hökümetiniň öňki bilelikdäki taslamalarynyň tejribesinden bagbançylyk, ýyladyşhanalar we suwarymly oba hojalyk pudagynda durnukly tejribe we innowasiýa çemeleşmeleri hödürlendi. Şeýle hem, hünärmenler, topragy başyndan işläp bejermegiň usullaryny, lazer tekizlemegiň artykmaçlyklaryny we biodökünleri öndürmegiň ugurlaryny görkezdiler.

Maslahata hususy pudagyň, agrosenagat toplumynyň wekilleri, Dargan- ata we Dänew etrap häkimlikleriniň oba hojalyk, welaýat we etrap derejesinde suw serişdelerini dolandyrmak boýunça hünärmenler, taslamanyň synag welaýatynyň daýhanlary we maldarlary, şeýle hem agrosenagat toplumynyň hünärmenleri we Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň işgärleri gatnaşdy.

Bu seminar, BMGÖM tarapyndan Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen bilelikde durmuşa geçiren «Köp peýdalar üçin Aral deňziniň basseýninde ýer baýlyklaryny we ýokary tebigy gymmatlyklary gorap saklamak we durnukly dolandyrmak» taslamasynyň çäginde gurnaldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Si Szinpin Hytaý bilen Ýewropanyň arasyndaky açyklygy we söwda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga çagyrdy

Si Szinpin Hytaý bilen Ýewropanyň arasyndaky açyklygy we söwda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga çagyrdy

14:00 Oktýabr 31, 2026
ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamy esasy göterim derejesini 3,75–4 göterim aralygynda saklady

ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamy esasy göterim derejesini 3,75–4 göterim aralygynda saklady

21:00 Oktýabr 30, 2026
Ştaýnmaýere Pekin uniwersitetiniň hormatly professory ady berildi

Ştaýnmaýere Pekin uniwersitetiniň hormatly professory ady berildi

19:00 Oktýabr 30, 2026