Türkmenistanyň woleýbol ýygyndysy Merkezi Aziýa çempionatynda çykyş eder


Woleýbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy Merkezi Aziýa woleýbol assosiasiýasynyň Kubogyny (CAVA Nations Cup-2023) almak ugrundaky ýaryşlara gatnaşar. Kubogy almak ugrundaky ýaryşlar 18 – 25-nji iýun aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde geçiriler.
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň “ORIENT-e” habar bermegine görä, jemi 18 adamdan (şolaryň 14-si türgen) ybarat türkmen wekiliýeti Gyrgyzystanda geçiriljek ýaryşlara gatnaşmak üçin ýola düşer.
Türkmenistanyň ýygyndysy bilen birlikde Eýran, Mongoliýa, Nepal, Özbegistandan gelen toparlar sebitleýin Kubogy almak ugrunda bäsleşerler. Ýaryşy gurýajy döwlet hökmünde Gyrgyzystandan iki topar bu ýaryşa gatnaşar. Ýaryş tertibine görä, aýlawlaýyn görnüşde geçirilen oýunlarda iň köp utuk toplan topar ýeňiji diýlip yglan ediler.
Geçen ýylyň iýul aýynda geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Kubogyny almak ugrunda geçirilen ýaryşda ýurdumyzyň ýygyndysynyň Kümüş medala eýe bolandygyny bellemelidiris.
Şeýlelikde, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Kubogyny almak ugrundaky ýaryşda ýurdumyzyň woleýbol ýygyndysy şu tertipde çykyş eder:
18-nji iýun (dynç güni)
15:00 Türkmenistan – Gyrgyzystan;
19-njy iýun (duşenbe güni)
13:00 Türkmenistan – Mongoliýa;
20-nji iýun (sişenbe güni)
17:00 Türkmenistan – Gyrgyzystan;
22-nji iýun (penşenbe güni)
17:00 Türkmenistan – Nepal;
24-nji iýun (şenbe güni)
13:00 Türkmenistan – Özbegistan;
25-nji iýun (dynç güni)
15:00 Türkmenistan – Eýran.
ORIENT news








