Infront Türkmenistanda we ýene-de 21 ýurtda sport çärelerini alyp görkezmeklige hukuk aldy


Şweýsariýada ýerleşýän Infront Sports & Media sport marketing kompaniýasy Halkara olimpiýa komitetinden 22 ýurtda, şol sanda Türkmenistanda ähmiýetli sebitleýin we dünýä derejesindäki sport ýaryşlaryny alyp görkezmeklige aýratyn hukuk aldy.
Gürrüň 2026-njy ýylda Milanda geçjek XXV Gyşky Olimpiýa oýunlaryny, 2028-nji ýylda Los-Anželesde geçjek Olimpiadany, 2030-njy ýylda geçiriljek XXVI Gyşky Olimpiýa oýunlaryny we 2032-nji ýylda Brisbende geçjek XXXV Olimpiadany alyp görkezmek hakynda barýar - diýip, HOK-niň saýty habar berýär.
Beýle diýildigi, kompaniýanyň ýaryşlar hakyndaky maglumaty ýaýratmaga bolan aýratyn hukugyň eýesi boljakdygyny aňladýar, bu bolsa bu sport çäreleriniň hemmetaraplaýyn beýan edilmegini we janköýerleriň sanly we tölegsiz telewidenýäniň kömegi bilen olara aňsat elýeterlilik almagyny üpjün eder.
Türkmenistandan başga-da, ýurtlaryň sanawynda Hytaý, Gazagystan, Singapur Malaýziýa, Indoneziýa, Özbegistan, Täjigistan, Gyrgyzystan, Tailand we beýleki ýurtlar bardyr.
ORIENT habarlar








