Türkleriň Kibir şäherindäki 2000 ýyllyk suw çüwdürimi ýene-de janlandy


Türkiýäniň Burdur welaýatyndaky gadymy şäher bolan Kibirdäki dokuz aýlyk dikeldiş işlerinden soňra iki müň ýyllyk suw çüwdürimi ýene-de janlandy. Monumental suw çüwdüriminiň dikeldiş işleri Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň ýardam etmeginde geçirildi.
Iki howuzly suw çüwdürimi Kibir şäherinde b.e. öňki 23-nji ýylda Rim imperiýasynyň höküm süren döwründe gurlupdyr. Desganyň beýikligi 7,5 metre, diametri — 15 metre deňdir. Ol gadymy şäheriň suwa bolan islegini kanagatlandyrmagynyň şaýady bolup, 600-700 ýyla golaý işläpdir.
Gazyp agtaryşlar toparynyň baştutany, arheologlaryň, dikeldiş işlerini alyp baran işgärleriň we binagärleriň topary bilen suw çüwdüriminiň giňişleýin gaýtadan dikeldiş işine gatnaşan dosent Şükri Özidogru ondan suwuň edil «ýolbarsyň we gaplaňyň agzyndan çykýan ýaly» akýandygyny beýan edýär.
Dikeldiş işleriniň barşynda çeşmeden suw üpjünçiliginiň asyl ulgamy ýola goýuldy, şeýlelikde indi suw çüwdüriminden edil 2 müň ýyl ozal bolşy ýaly, agyz suwy akýar.
Kibira - «gladiatorlaryň şäheri»
Burdur welaýatyndaky Gölhisar etrabyndaky gadymy Kibir şäheri haçandyr bir wagt rim siwilizasiýasyndaky möhüm şäherleriň biri bolupdyr.
Rim imperiýasynyň dowam etmeginiň 1000 ýylynda şäher özüniň gan döküşilikli gladiatorlar ýaryşlary bilen meşhur bolupdyr. Şol sebäpli Kibira özüniň «Gladiatorlaryň şäheri» adyny alypdyr. Ýöne b.e. öňki 23-nji ýylda bolan ýer titreme şäheri weýran edipdir. Tebigy betbagtçylykdan soňra şäher ýaşaýjylarynyň suw çüwdürimini gaýtadan dikeltmekleri sebäpli ol näçe wagt geçse-de ýitmändir.
Ilkibaşdaky suw çüwdüriminiň bir uly tegelek howuzy bolupdyr, ikinji howuzy onýyllyklardan soňra goşupdyrlar. Arheologlaryň aýtmagyna görä, haçanda suw çüwdürimi 2 müň ýyl mundan ozal işlände, iki sany tegelek howuz şäheriň dürli dört bölegini agyz suwy bilen üpjün edipdir.
ORIENT habarlar








