Türkmenistanyň ýygyndysynyň baş tälimçisi Özbegistandan ýeňilmeklige degişli belliklerini aýtdy


Türkmenistanyň ýygyndysynyň baş tälimçisi Mergen Orazow Merkezi Aziýa futbol birleşmesiniň milletler Kubogynyň CAFA Nations Cup-2023-ikinji tapgyrynyň oýunynda türgenleriniň Özbegistanyň toparyndan (0:2) ýeňilmegi barada öz belliklerini aýtdy.
-Birinji taýmda oýun deňme deň gidip durdy. Duşuşygyň ikinji bölüminde kellä gelmejek goly geçirdiler: goragçylar biri-biri bilen düşünişmediler, garşydaşlar mundan şol bada peýdalandylar. Göräýmäge bu ýalňyşlar ujypsyz ýalydy, ýöne futbolda şonuň ýaly ýalňyşlar üçin derrew temmiňi berýärler. Birneme üns gönükdirilmek ýetmezçilik ýetdi, ýöne birinji goýberlen goldan soň oglanlar hüjümi güýçlendirdiler we hasaby deňlemek üçin örän gowy mümkinçilige eýe bolup, birnäçe howply pursatlary döretdiler. Biziň oýunçylarymyz biraz açylmaly boldular, bu özbek topary tarapyndan garşylykly hüjüme getirdi - diýip, ORIENT-iň habarçysyna milli toparyň bäş tälimçisi gürrüň berdi.
Ikinji gola biz mynasyp bolmadyk: garşydaşlar ony düzgüni bozmagyň netijesinde geçirdiler. Umuman, oglanlar erbet oýnamadylar, öňe gidişlik görünýär. Futbolçylar her oýunda taktiki ýumuşlara düşünip başladylar. Bu saýlama oýunlara taýýarlygyň häzirki tapgyrynda iň esasy zatdyr.
Halypa şeýle hem ýygyndynyň düzüminde Türkmenistanyň ýokary ligasynyň oýunlarynyň häzirki iň gowy hüjümçisi Didar Durdyýewiň ýokdugyny hem düşündirdi:
-Düzüm barada bir zady aýdyp biljek: her oýna oýunçylar saýlanyp alnanda futbolçynyň fiziki taýýarlygy we türgenleriň taktiki ýumuşlary ýerine ýetirmegi üçin belli bir häsiýetleri we oýnuň meýilnamasy göz öňünde tutulýar. Bu kriteriýalar boýunça her duşuşygyň düzümi saýlanylýar.
Topardan çykmak üçin türkmen ýygyndysyna Omanyň ýygyndysyny ýeňmek gerek we Özbegistanyň Täjigistandan ýeňilmezligine umyt etmek galýar.
-Häzir biz indiki bäsdeşimiz bolan Omanyň toparynyň oýun geçirişini öwrenýäris. Garşydaşyň güýçli we gowşak taraplaryndan ugur alyp, oglanlary öwreneris we taýýarlarys. Her oýunda täze türgen goşulýar. Oman bilen biziň ýygyndymyz üçin hemme zat üstünlikli bolar diýip umyt edýäris.
Türkmenistanyň we Omanyň ýygyndylarynyň arasynda milletler Kubogynyň CAFA-2023 toparlaýyn oýunlarynyň jemleýji tapgyrynyň duşuşygy 17-nji iýunda bolar.
Artur PETROSÝANS








