Türkmen pälwanlary kadetleriň arasynda geçirilen Aziýa çempionatynda iki medal gazandylar


Erkin göreş boýunça türkmen pälwanlary Alp Arslan Begenjow we Döwletgeldi Myradow 8-nji iýundan 13-nji iýun aralygynda Bişkekde (Gyrgyzystanda) kadetleriň arasynda geçirilen (U-17) Aziýanyň çempionatynda bürünç medallary gazandylar. Bu barada ORIENT-iň habarçysyna ýurduň sportyň bu görnüşi boýunça Federasiýasynda habar berdiler.
Alp Arslan Begenjow 71 kg çenli agram derejesinde baýraga tarap ýolda deslapky tutluşykda gyrgyzystanly Adylbek Akylbekowy ýeňdi — 13:8. Indiki tapgyrda türkmen türgeni Özbegistanyň wekili Asadbek Faýzullaýewi ýeňmegi başardy — 10:0.
Soňra ýarym finalda Seýidbolfazl Hosseýnden (Eýran) ýeňlip— 2:12, Begenjow bürünç medal üçin tutluşykda Bilgundalaý Purewdagwynyň (Mongoliýa) garşylygyny syndyrmagy başardy — 12:1, şeýlelik bilen hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykmaga hukuk gazandy.
Bu agram derejesinde eýranly Seýidbolfazl Hosseýin Aziýanyň çempiony boldy, ol final tutluşykda Nurdöwlet Seýilbekowy ýeňdi — 6:2. Ikinji bürünç medala Hindistandan Narender Narender mynasyp boldy, ol Günorta Koreýanyň wekili Ýoonsu Liden üstün çykdy.
Ýene-de bir bürünç medaly türkmen ýygyndysyna Döwletgeldi Myradow 80 kg çenli agram derejesinde çykyş etmek bilen getirdi.
Çärýek finalda türkmen pälwany eýranly Abulfazla Rahmaniden 4:0 hasabynda ýeňildi. Ýöne, «köşeşdiriji» tutluşyklaryň tapgyryna düşüp, Mongoliýadan gelen Býambador Enhbaty ýeňdi — 4:3, bürünç medal üçin tutluşykda bolsa Gazagystanyň wekili Nurassyl Ýerassyldan ynamly ýeňiş gazandy — 5:0.
Bu agram derejesinde çempionlyga Eýrandan gelen Abulfazl Rahmani mynasyp boldy. Ikinji ýeri Hindistanyň wekili Saurab Ýadaw eýeledi. Bürünç medalyň ýene-de birine Hau Ýang (Hytaý) mynasyp boldy.
Göreş boýunça Aziýanyň (U-17) Gyrgyzystanda geçen çempionaty dünýäniň 30-dan gowrak ýurdundan 450-den gowrak türgeni ýygnady. Bu ýaryş tamamlanan badyna «Bişkek Arena» ST 23 ýaşa çenli (U-23) göreşjileriň arasynda şuňa meňzeş yklymlaýyn birinjiligi kabul eder, ol 18-nji iýuna çenli dowam eder. Ýaryşda Türkmenistanyň ýygyndysyna 24 türgen wekilçilik eder.
Artur PETROSÝANS








