Merkezi Aziýaly hünärmenler Günorta Koreýada täze suw arassalaýyş tehnologiýalaryny öwrendiler


Merkezi Aziýanyň 5 ýurdunyň hünärmenleri Günorta Koreýada ösen suw arassalaýyş tehnologiýalary bilen tanyşdylar. Taslamanyň çäginde öz ýurtlarynyň, şol sanda Türkmenistanyň suw pudaklaryna wekilçilik edýän bilermenler Demirgazyk Çhunçhon welaýatynyň paýtagty Çhondžu şäherinde ýerli suw arassalaýyş zawodyna baryp gördüler.
Jibuk häzirkizaman suw arassalaýjy zawody 214,000 inedördül metr meýdanda ýerleşýär we turbageçirijiler arkaly şäher ilatyny saglyk üçin düýbünden howpsuz bolan agyz suwy bilen üpjün edýär. Beket adaty hlor we koagulantlardan başga-da, ozon we işjeňleşdirilen kömür ulanyp, uzak bolmadyk ýerde ýerleşen kölden günde 120 055 tonna suwy arassalamaga ukyplydyr.
Merkezi Aziýadan suw serişdelerini dolandyrmak boýunça 11 bilermen bekediň işi, onuň tehnologiýalary we arassaçylyk dolandyryşy bilen tanyşdy, esasy önümçilik desgalaryna baryp gördi we degişli okuwlara gatnaşdy.
Sapar Çhondžu şäheriniň suw üpjünçiligi taslamasynyň baş edarasy bilen ÝUNESKO-nyň suw howpsuzlygy boýunça halkara ylmy we bilim merkeziniň arasynda suw pudagynda halkara hyzmatdaşlygyna ýardam bermek üçin geçen ýylyň oktýabr aýynda gol çekilen Memoranduma laýyklykda gurnaldy.
ORIENT news








