Türkmen talyplary Aşgabatda DÖM boýunça duşuşyga gatnaşdylar


Duşenbe güni Aşgabatda "Kitap – paýhasyň çeşmesi" kitap klubynyň alyp barýan işiniň çäginde Durnukly Ösüş Maksatlary (DÖM) boýunça duşuşyk geçirildi. Bu çäre ýaşlary DÖM-i durmuşa geçirmek boýunça global çäreler bilen tanyşdyrmaga we ýaş nesliň bu işde möhüm ornuny bellemäge gönükdirilendir. Duşuşyk Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) we Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä diller instituty (TMDDI) tarapyndan gurnaldy.

Duşuşyga Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä diller institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyplary gatnaşyp, olar DÖM-iň 13-nji maksat - "Howanyň üýtgemegine garşy göreş", 14-nji maksat - "Deňiz ekoulgamlaryny gorap saklamak", 15-nji maksat - "Guryýer ekoulgamlaryny gorap saklamak" we 7-nji maksat - "Amatly we arassa energiýa" ýaly birnäçe ugurlaryna garadylar.

Şeýle hem, BMG-niň ÖM-iň bilermenleri ara alyp maslahatlaşmak üçin şäherleri has durnukly etmegiň usullary, tygşytly sarp ediş we galyndylary dolandyrmak, Aral deňziniň ekologiýa krizisi we Türkmenistanyň howanyň üýtgemegine garşy göreşe gönükdirilen halkara başlangyçlary, şeýle hem howa çökgnligine garşy göreşde ýaş nesliň orny ýaly derwaýys mowzuklary teklip etdiler.

Indiki duşuşyk awgust aýynda geçiriler we "Mynasyp iş we ykdysady ösüş" atly 8- nji maksadyň durmuşa geçirilişine bagyşlanar.
ORIENT news








