Pol Makkartni EI bilen döredilen «soňky» Beatles aýdymyny yglan edýär


Pol Makkartni emeli intellektiň (EI) kömegi bilen döredilen «soňky» Beatles aýdymyny yglan etdi. Bu tehnologiýa, ser Polyň «soňky Beatles albomy» diýip atlandyrmak üçin köne demodan 1980-nji ýylda aradan çykan Jon Lennonyň sesini çykarmak üçin ulanyldy. «Biz muny tamamladyk we ol şu ýyl çykar», - diýip segsen ýaşly Makkartni BBC-ä gürrüň berdi.

Ol aýdymyň adyny aýtmady. BBC, 1978-nji ýylda Lennonyň «Now And Then» atly kompozisiýasynyň bolmagy ähtimallygyny çäk etdi. Ol, 1995-nji ýylda Beatles tarapyndan mümkin bolan «birleşmek aýdymy» hasaplandy. Makkartni bir ýyl öň Lennonyň dul aýaly Ýoko Onodan demo lentasyny alypdy. Ýygynda Lennonyň ölmezinden ozal ýazan «Pol üçin» atly kasetadaky birnäçe aýdymlar girdi. Trekleriň köpüsi sazanda Nýu-Ýorkdaky jaýynda fortepianonyň başynda otyrka, bumboksyň kömegi bilen ýazga alyndy.

«The Beatles» saz taryhynda iň üstünlikli toparlaryň biridi. 1970-nji ýylda olar aýrylyşdylar. Lennon 1980-nji ýylda Nýu-Ýorkda öldürildi, Harrison 2001-nji ýylda aradan çykdy.
Geçen ýyllarda ser Pol aýdymy gutarmak islegi barada birnäçe gezek aýdypdy. Indi tehnologiýa sazanda bu maksada ýetmek üçin mümkinçilik berdi.

Piter Jeksonyň «Dolanmak» atly dokumental filmi öwrüm pursady boldy. Onda gepleşik redaktory kompýuterlere Beatlesiň seslerini tanamagy we olary fon seslerinden we hatda «arassa» ses döretmek üçin öz gurallaryndan aýyrmagy öwredýardi.
Şol amal, ser Pola Lennon bilen soňky gezelençde, şeýle hem geçen ýyl Revolver albomy üçin täze daş ses garyndylary üçin «duet» etmäge mümkinçilik berdi.
«Bizde Jonyň sesi we fortepýano bardy, olary EI bilen aýyryp boldy. Olar enjama: «Bu ses. Bu gitara. Gitarany ýitiriň» diýýärler.
Şeýle-de bolsa, sazanda EI-iň beýleki programmalarynyň ony aladalandyrýandygyny boýun aldy. «Bu birneme gorkunç, ýöne tolgundyryjy, sebäbi bu gelejek. Biz ýöne munuň nirä eltýändigini görmeli»,-diýip ol aýtdy.

Ýyldyz, Londonyň Milli portret galereýasynda täze kitap we surat sergisiniň açylmagynyň öňüsyrasynda BBC Radio 4 bilen söhbetdeş boldy. «Tüweleýiň gözleri» diýlip atlandyrylýan bu taslamada, ser Polyň 1963-nji ýylyň dekabryndan 1964-nji ýylyň fewraly aralygynda Beatlesiň bütin dünýäde meşhurlyga eýe bolan kamerasy bilen düşüren portretleri bar.
Paul McCartney Photographs 1963-64: Eyes of the Storm: 28-nji iýundan 1-nji oktýabr aralygynda Londonyň galereýasynda geçiriler.

ORIENT news








