HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Sambo boýunça Aziýanyň we Okeaniýanyň çempionaty 2024-nji ýylda Makaoda geçiriler

Iýun 13, 2023 | 16:17 |8157
Sambo boýunça Aziýanyň we Okeaniýanyň çempionaty 2024-nji ýylda Makaoda geçiriler. Degişli karar Aziýanyň we Okeaniýanyň Sambo birleşiginiň Astanada, Gazagystanda geçen Kongresinde kabul edildi.Sambo boýunça Aziýanyň we Okeaniýanyň çempionaty 2024-nji ýylda Makaoda geçiriler. Degişli karar Aziýanyň we Okeaniýanyň Sambo birleşiginiň Astanada, Gazagystanda geçen Kongresinde kabul edildi.
Çeşme: insidethegames.biz

Sambo boýunça Aziýanyň we Okeaniýanyň çempionaty 2024-nji ýylda Makaoda geçiriler. Degişli karar Aziýanyň we Okeaniýanyň Sambo birleşiginiň Astanada, Gazagystanda geçen Kongresinde kabul edildi.

2025-nji ýylda Aziýanyň yklym boýunça birinjiligi Özbegistanyň paýtagtynda – Daşkentde bolar.

«Her bir iri ýaryş sebitde sambonyň derejesiniň ösmegine ýardam edýär. Makao şol sanda bu sebäplere görä hem saýlanyp alyndy. 2025-nji ýyl barada aýdylanda bolsa, bu ýerde biz IV ýetginjekler Aziýa oýunlaryna gönükdirildik, ol taryhda ilkinji gezek Daşkentde geçer. Şu günki günde sambonyň bu Oýunlaryň maksatnamasyna goşulmaga gowy mümkinçiligi bar, şol sebäpli Oýunlaryň öňüsyrasynda sambo boýunça baş yklymlaýyn ýaryşyň geçirilmegi biziň hemmämiz üçin gowy taýýarlyk bolar», — diýip, Aziýanyň we Okeaniýanyň Sambo birleşiginiň baştutany Alamjon Mullaýew sözüni jemledi.

Kongress Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň 30 ýurdundan wekilleriň gatnaşmagynda gibrid formatynda geçdi. Olar guramanyň täze Tertipnamasyny kabul etdiler, 2024-2025-nji ýyllar üçin ýaryşlaryň senenamasyny tassykladylar, şeýle hem ähli sebitlerde eminleriň we türgenleşik seminarlarynyň geçirilmeginiň ýol kartasyny tassykladylar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026
Saratow Döwlet Uniwersitetiniň aspiranty Nepesmyrat Gylyjow «GDA-nyň iň gowy talyby» diýlip ykrar edildi

Saratow Döwlet Uniwersitetiniň aspiranty Nepesmyrat Gylyjow «GDA-nyň iň gowy talyby» diýlip ykrar edildi

22:39 Iýun 18, 2026