BSGG-niň sebit ýygnagynda "Immun patrullygy" atly täze bilim moduly ara alnyp maslahatlaşylar


Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy we Ermenistanyň Saglygy goraýyş ministrligi Ermenistanda "Immun patrullygy" atly immun ulgamy we immunizasiýa boýunça täze bilim modulynyň synag taslamasynyň netijelerini paýlaşmak üçin 14-15-nji iýunda Ýerewanda sebitleýin duşuşyk geçirer.
Duşuşyga milli immunizasiýa maksatnamalarynyň, Ermenistanyň, Gruziýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Moldowa Respublikasynyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Saglygy goraýyş ministrlikleriniň wekilleri, şeýle hem BSGG-nyň işgärleri, hyzmatdaş guramalaryň, şol sanda ÝB-niň wekilleri gatnaşar.
"Immun patrullygy" – BSGG-niň Ýewropa sebiti boýunça edarasy tarapyndan işlenip düzülen 10-12 ýaş aralygyndaky okuwçylar üçin oýun esasly okuw modulydyr. Bu modul 2022-nji ýylyň dekabrynda Ermenistanyň 5 mekdebinde synagdan geçirildi we şu wagta çenli ondan 500-den gowrak okuwçy peýdalandy. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ermenistanyň Saglygy goraýyş ministrligi bilen Bilim, ylym, medeniýet we sport ministrliginiň arasyndaky ýakyn hyzmatdaşlygyň we ÝB-niň maliýe goldawynyň netijesinde “Immun patrullygy” ýakyn wagtda ýurduň umumybilim mekdep meýilnamasynyň bir bölegine öwrüler.
Ermenistanyň moduly durmuşa geçirmekdäki tejribesini öwrenmekden başga-da, beýleki ýurtlardan gatnaşyjylar mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşmaga we “Immun Patrulyny” öz ýurtlarynyň okuw meýilnamalaryna goşmak boýunça meýilnamalary işläp düzmäge çagyrylar.
Bu çäre we synag taslamasy COVID-19 garşy sanjymlaryň ornaşdyrylmagyny goldamaga we Gündogar hyzmatdaşlyk ýurtlarynda meýilnamalaýyn sanjym ulgamlaryny berkitmäge gönükdirilen ÝB tarapyndan maliýeleşdirilýän “Waksinasiýa durmuşy halas edýär” taslamasynyň bir bölegidir.
ORIENT news








