Aşgabatda Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy


ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi 12-nji iýunda Aşgabatda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygynda geçirildi. Bu barada Türkmen Daşary işler ministrliginiň saýty habar berildi.
Duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalary, ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we bölümleriniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdy. Şeýle-de mejlise, ÝUNESKO-nyň Tährandaky klaster edarasynyň direktory Golda El-Huri we BMG-nyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Dmitriý Şlapaçenko hem gatnaşdy.
Mejlisde çykyş eden Raşid Meredow ÝUNESKO üçin pudagara toparyň çäginde işiň anyk netijelerine ünsi jemledi we mundan beýläkki işleriň ileri tutulýan ugurlaryny belläp geçdi. Mejlise gatnaşyjylar 2021-2023- nji ýyllar aralygynda ÝUNESKO-nyň Hökümetara Okeanografik Geňeşiniň ýerine ýetiriji geňeşine Türkmenistanyň agzalygy bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň milli gymmatlyklaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça geçirilen bilelikdäki işe aýratyn üns berildi. Gatnaşanlar köpmilletli medeni gymmatlyklary ÝUNESKO- nyň halkara sanawlaryna taýýarlamakda we girizmekde Türkmenistanyň işjeň işini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, geçen ýyl üç nominasiýanyň – «Türkmen keşdeçilik sungatynyň», «Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri» we «Hoja Nasreddin Ependiniň şorta sözlerini aýtmak däbi» ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulandygy ýatlanyldy.
Şu ýylyň maý aýynda ÝUNESKO-nyň ýerine ýetiriji geňeşiniň 216-njy mejlisinde Magtymguly Pyragynyň golýazmalar ýygyndysy ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň ýatlamasy» halkara sanawyna girizildi. Türkmen şahyry Magatymgulynyň 80-den gowrak diwandan ybarat özboluşly goşgular ýygyndysy, XVIII-XIX asyrlarda Türkmenistanda ýaýran eserleriniň saklanyp galan golýazmalaryny öz içine alýar.
Wekiller mowzugy dowam etdirip, ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna «Türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmek sungaty» dalaşgärligini görkezmek üçin çäreleri kesgitlediler. ÝUNESKO-nyň klaster edarasynyň direktory hem öz gezeginde Guramanyň medeni mirasyň global hazynasyna goşant goşýan milli medeni mirasymyzy ösdürmäge gönükdirilen bilelikdäki çäreleri durmuşa geçirmekde Türkmenistana goldaw bermek isleýändigini tassyklady.
Gatnaşanlar bilim we ylym pudagyny ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň möhüm ugry diýip atlandyrdylar. Mahtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde we S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda ÝUNESKO kafedralarynyň işleýändigi we ýurdumyzyň alty mekdebiniň ÝUNESKO-nyň assosirlenen mekdepler toruna girýändigi bellendi.
Şeýle hem mejlisde, TÜRKSOÝ ýurtlarynyň ÝUNESKO-nyň işleri boýunça milli toparynyň 10-njy mejlisini Aşgabatda geçirmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu çäre indiki ýyl üçin meýilleşdirilýär.
ORIENT news








