HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Özbegistanda türkmen hünärmenleriniň gatnaşmagynda «Magtymgulynyň bütindünýä şöhraty» forumy geçirildi

Iýun 12, 2023 | 20:27 |6661
Şenbe güni Özbegistan Respublikasynyň Buhara welaýatynda
«Magtymgulynyň bütindünýä şöhraty» atly dialog-konferensiýasy
geçirildi. Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly
Pyragynyň dünýä inmeginiň 300 ýyllygyna bagyşlanan forum iki ýurduň
wekillerini Özbek meýdançasynda ýygnady diýip, Türkmenistanyň
Daşary işler ministrliginiň saýty habar berýär.Şenbe güni Özbegistan Respublikasynyň Buhara welaýatynda
«Magtymgulynyň bütindünýä şöhraty» atly dialog-konferensiýasy
geçirildi. Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly
Pyragynyň dünýä inmeginiň 300 ýyllygyna bagyşlanan forum iki ýurduň
wekillerini Özbek meýdançasynda ýygnady diýip, Türkmenistanyň
Daşary işler ministrliginiň saýty habar berýär.
Çeşme: Türkmenistanyň DIM

Şenbe güni Özbegistan Respublikasynyň Buhara welaýatynda «Magtymgulynyň bütindünýä şöhraty» atly dialog-konferensiýasy geçirildi. Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň dünýä inmeginiň 300 ýyllygyna bagyşlanan forum iki ýurduň wekillerini Özbek meýdançasynda ýygnady diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň saýty habar berýär.

Duşuşyga Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçisi Ýazguly Mämedow, ÝUNESKO boýunça Türkmenistanyň Milli Toparynyň ýerine ýetiriji sekretary Çynar Rüstemowa, Türkmen Medeniýet Merkeziniň ýolbaşçylary, Türkmen ýokary bilim edaralarynyň mugallymlary we talyplary, Buhara welaýatynyň çäginde ýaşaýan türkmen diasporasynyň wekilleri, şeýle hem žurnalistler gatnaşdy.

Maslahata gatnaşanlaryň arasynda Buhara welaýatynyň häkimi Botir Zaripow hem bardy. Ol öz çykyşynda, iki döwletiň Baştutanlarynyň tagallalary netijesinde özara dostluga we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýan döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki wagtda hil taýdan täze derejä ýetendigini belledi.

Duşuşyga gatnaşyjylar şahyryň we sözüniň ussady Magtymgulynyň ýokary ynsanperwer däplere esaslanýan döredijilik mirasynyň türk dilli halklaryň bahasyna ýetip bolmajak edebi baýlygydygyny we dünýä tarapyndan ykrar edilendigini aýtdylar. Şeýle-de wekiller türkmen şahyrynyň döredijiligi barada häzirki zaman ylmy gözlegleri hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Çäräniň çäginde gatnaşyjylar Magtymguly Pyragynyň bilim alan Gogeldaş medresesine, Buharadaky «Köne şäher» ýadygärlik toplumyna baryp gördüler, şeýle hem, onuň ýaşaýan we okan ýerleri bilen tanyşdylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Türkmenistanyň ilçisi «EKSPO – 2030 Er-Riýad» Bütindünýä sergisiniň wekili bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi «EKSPO – 2030 Er-Riýad» Bütindünýä sergisiniň wekili bilen duşuşdy

23:04 Noýabr 05, 2026
Grenlandiýanyň parlamenti Daniýa we ABŞ bilen howpsuzlyk baradaky ylalaşygy makullady

Grenlandiýanyň parlamenti Daniýa we ABŞ bilen howpsuzlyk baradaky ylalaşygy makullady

23:00 Noýabr 05, 2026
Awstriýanyň kansleri Kristian Ştoker Şanhaýdaky Tuntszi uniwersitetine baryp gördi

Awstriýanyň kansleri Kristian Ştoker Şanhaýdaky Tuntszi uniwersitetine baryp gördi

22:30 Noýabr 05, 2026