HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aziýa we Okeaniýa döwletleriniň çempionatynda türkmen samboçylary 26 medal gazandylar

Iýun 12, 2023 | 10:02 |7447
5 - 11-nji iýunda Astana şäherinde geçirilýän sambo boýunça Aziýa we Okeaniýa ýurtlarynyň arasynda türkmen türgenleri jemi 26 medal gazandylar. Olaryň 3-si altyn, 7-si kümüş, 16-sy hem bürünç medallardyr. Bu barada Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti "ORIENT-e" habar berdi.5 - 11-nji iýunda Astana şäherinde geçirilýän sambo boýunça Aziýa we Okeaniýa ýurtlarynyň arasynda türkmen türgenleri jemi 26 medal gazandylar. Olaryň 3-si altyn, 7-si kümüş, 16-sy hem bürünç medallardyr. Bu barada Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti "ORIENT-e" habar berdi.
Çeşme: Instagram.com / @yegenbayev71

5 - 11-nji iýunda Astana şäherinde geçirilýän sambo boýunça Aziýa we Okeaniýa ýurtlarynyň arasynda türkmen türgenleri jemi 26 medal gazandylar. Olaryň 3-si altyn, 7-si kümüş, 16-sy hem bürünç medallardyr. Bu barada Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti "ORIENT-e" habar berdi.

Ysmaýyl Ataýew (64 kilograma çenli agram derejede), Guwanç Begalyýew (88 kg çenli), Maksýuda Egemberdiýewa çempionatyň iň ýokary derejesine - altyn medala eýe boldular.

Nowruz Ataýew (58 kg çenli), Muhammetnyýaz Gurbandurdyýew (79 kg çenli), Begenç Baltaýew (79 kg çenli), Döwlet Yslamow (98 kg-dan ýokary), Aýlar Mälikowa (50 kg çenli), Weronika Rus (54 kg çenli) we Jahan Muhammedowa (80 kg çenli) kümüş medallardyr eýeleri boldular.

Türkmen ýygyndysynyň hatarynda bürünç medala Kerim Kerimow (58 kg çenli), Arslan Ysmaýylow (58 kg çenli), Allanazar Orazmuhammedow (71 kg çenli), Kakageldi Ýegenbaýew (71 kg çenli), Dawud Awçýan (71 kg çenli), Rustam Annamuhammedow (98 kg çenli), Mämmetgurban Mämmetgurbanow (88 kg çenli), Batyr Hojamuhammedow (88 kg-dan ýokary), Babajan Iwadullaýew (98 kg-dan ýokary), Jamaludin Gurbanow bolsa 98 kg-dan ýokary agramda çykyş edip, iki kümüş medala eýe boldular.

Zenanlaryň arasynda milli ýygyndymyzyň hatarynda çykyş edýän Aziza Nazarowa ( 50 kg çenli), Dinara Iwadullaýewa (54 kg çenli), Medine Aýdogdyýewa (59 kg çenli), Wioletta Krowýakowa (65 kg çenli), Jahan Muhammedowa (80 kg çenli) ýaryşyň bürünç medallaryna eýe boldular.

Gazagystanyň paýtagtynda geçirilýän sambo boýunça Aziýa we Okeaniýa ýurtlarynyň çempionatyna dünýäniň 30 döwletinden 300 töweregi türgen gatnaşýar.

Bu ýaryş söweş sungaty boýunça Saud Arabystanynyň paýtagty Er-Riýad şäherinde şu ýylyň 21-30-njy oktýabry aralygynda geçiriljek dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrydyr. Sambo boýunça Aziýa we Okeaniýa ýurtlarynyň birinjiligi 2025-nji ýylda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçiriler.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

01:44 Noýabr 03, 2026
Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

20:00 Noýabr 02, 2026
Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

18:00 Noýabr 02, 2026