Türkmen talyplary Kazan şäherinde geçirilen dabaraly ýörişe gatnaşdylar


Kazan şäherinde bilim alýan türkmen talyplary Russiýanyň güni mynasybetli Kazan Kremlinde geçirilen “Halklaryň dostlugy” aty dabaraly ýörişe gatnaşdylar. Dabaraly çärede 30-dan gowrak milletiň wekilleri milli aýdymdyr sazlaryny ýerine ýetirdiler.
“Bu gün bizde uly baýram – Russiýanyň güni bellenýär. Biz bu ýerde dürli öwüşginli uly baýramçylygyň şaýatlary bolýarys” diýip, Tatarystan Respublikasynyň ýaşlar meseleleri boýunça ministri öz buýsanjyny paýlaşýar.
“Tatarystanyň köp milletden ybarat ýaşlary özleriniň milli lybaslarynda biziň birligimizi, dostlugymyzy we köpöwüşginliligimizi tutuş dünýä görkezmek üçin Kazan Kremline geldiler” diýip, Tatarystanyň halklarynyň ýaşlar assambleýasynyň ýolbaşçysy belleýär. Onuň aýtamgyna görä, dabaraly ýörişe gatnaşyjylaryň aglaba bölegini ýaşlar birleşikleriniň işjeň agzalary düzýär.
Russiýanyň güni 1992-nji ýyldan bäri bellenilip gelinýän ýurduň iň uly baýramaçylyklarynyň biridir. Däp boýunça, bu günde Kreml köşgünde ýurduň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň döwlet sylaglaryny gowşurýar. Moskwanyň Gyzyl meýdançasynda bolsa çäreler geçirilip, olaryň soňy köpöwüşginli feýerwerk dabarasy bilen jemlenýär.
Russiýanyň güni mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow we Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylaryna Gutlaglaryny iberdiler.








