Russiýanyň mugallymçylyk ýokary okuw mekdepleri býujet esasynda okaýan daşary ýurtly talyplaryň sanyny artdyrar


Russiýanyň Bilim ministrligi mugallymçylyk ugruna ýöriteleşen ýokary okuw mekdeplerine öňümizdäki okuw ýylyndan “Rus dili daşary ýurt dili hökmünde” ugry boýunça býujet esasynda okajak daşary ýurtlardan kabul ediljek talyplaryň sanyny artdyrmagy teklip etdi. Bellenişine görä, bu ugruň uly meşhurlyga eýe bolmagydyr. Bu barada “TASS” habarlar agentligi Russiýanyň bilim ministriniň orunbasary Denis Griboýedowyň sözlerine salgylanyp habar berýär.
Mundan ozal, Griboýedew şu ýyldan başlap, Bilim ministrliginiň ýurduň 14 sany ýokary okuw mekdebi bilen bilelikde Afrika materiginiň 28 ýurdunda rus dilinde okadyljak bilim merkezlerini açmagy meýilleşdirýändigini mälim edipdi. GDA agza döwletleri barada aýdylanda, häzirki wagtda Gyrgyzystanda 9 sany rus mekdebiniň gurluşygy alnyp barlyp, Ermenistanda hem 4 sany rus mekdebiniň gurluşygy boýunça gepleşikler alnyp barylýar. Täjigistanda bolsa, şeýle mekdepleriň 5-si gurlup ulanmaga berildi.








