Ýaş türkmen küştçüleri dünýä çempionatynda çykyşlaryny mynasyp derejede tamamladylar


Ýekşenbe güni, Batumide (Gruziýa) kadetleriň, oglanlaryň we gyzlaryň, ýagny 8 ýaşdan 18 ýaşa çenli ýaş kategoriýalarynda arasynda dünýä çempionatynyň çäginde ikinji ýaryş tamamlandy. Bu ýaryş "blits" düzgünleri bilen geçirilip, oýunçylara her göçüm üçin 2 sekunt goşmak bilen 3 minut bölünip berildi.

Türkmenistandan gelen 12 küştçiniň hemmesi (her kategoriýada biri) çykyşlaryny ýokary ýa-da käbir ýagdaýlarda ýaryş jetweliniň ortasynda tamamladylar. Bu bolsa ýurdumyzda çagalaryň we ýaşlaryň küşt derejesiniň ýokarydygyna şaýatlyk edýär.

Blits ýaryşynda iň ýokary netijäni FIDE ussady, klassiki küşt boýunça zenanlaryň arasynda Türkmenistanyň häzirki çempiony Läle Şöhradowa görkezdi. Läle 11-den 7 nutuk toplap, Özbegistan, Belarus we Wýetnam wekillerinden utulyp, 18 ýaşa ýetmedik gyzlar kategoriýasynda 4-nji orny eýeledi.

Toparymyzyň iň ýaş wekili, Lebabyň küşt mekdebini gutaran Dünýä Ruslanowa, Angliýanyň çempiony we Özbegistanyň we Hindistanyň wekilleri bilen bir hatarda 11-den 6,5 nutuk toplap, 8 ýaşa çenli gyzlar kategoriýasynda dünýäniň iň güýçli «bäşligini» ýapdy.

Blits ýaryşyna gatnaşan beýleki türkmenleriň netijeleri aşakdaky ýaly paýlandy:
8 ýaşa çenli oglanlar - Maksat Awlýakulyýew (Lebap), 11-den 7 nutuk, 53 gatnaşyjynyň arasynda 8-nji orun
10 ýaşa çenli oglanlar - Alihan Batirow (Mary), 11-den 7 nutuk, 60 gatnaşyjynyň arasynda 12-nji orun
12 ýaşa çenli oglanlar - Rauf Ýusupow (Mary), 11-den 5,5 nutuk, 71 gatnaşyjynyň arasynda 39-njy orun
14 ýaşa çenli oglanlar - Gurbanmyrat Rüstemow (Lebap), 11-den 5 nutuk, 44 gatnaşyjynyň arasynda 31-nji orun
16 ýaşa çenli oglanlar - Sanjar Gaýbullaýew (Lebap), 11-den 5 nutuk, 24 gatnaşyjynyň arasynda 14-nji orun
18 ýaşa çenli oglanlar - Amanmuhammet Hommadow (Aşgabat), 11-den 6 nutuk, 27 gatnaşyjynyň arasynda 11-nji orun
10 ýaşa çenli gyzlar - Perwana Serdarowa (Aşgabat), 11-den 6 nutuk, 24 gatnaşyjynyň arasynda 9-njy orun
12 ýaşa çenli gyzlar - Nebahat Muradowa (Lebap), 11-den 5,5 nutuk, 29 gatnaşyjynyň arasynda 17-nji orun
14 ýaşa çenli gyzlar - Mähri Agamyradowa (Lebap), 11-den 6,5 nutuk, 36 gatnaşyjynyň arasynda 8-nji orun
16 ýaşa çenli gyzlar - Leýla Şöhradowa (Lebap), 11-den 6 nutuk, 21 gatnaşyjynyň arasynda 10-njy orun

Şu gün iki ýaryşyň (çalt we blits) ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Onda penşenbe güni geçirilen çalt ýaryşda 3-nji orny eýelän Leýla Şöhradowa münbere çykdy. Diplomlar we gymmatly baýraklar, şeýle hem blitsde ilkinji bäşlige giren Läle Şöhradowa we Dünýa Ruslanowa berildi.
6-njy iýundan 11-nji iýuna çenli geçirilen dünýä çempionatyna dünýäniň 35 ýurdundan 500-e golaý ýaş küştçisi geldi.

Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Serdar Annaberdiýew we toparyň ýolbaşçysy Sona Jumagulýewa ýaryş wagtynda toparyň ýanynda boldylar we taýýarladylar.
ORIENT news








