Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň Prezidentine ýurtdaky tokaý ýangynlary zerarly gynanç bildirdi


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe ýurduň gündogaryndaky Abaý oblastynda emele gelen giň gerimli tokaý ýangynlary we olaryň adam pidalaryna getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi.
Türkmenistanyň Döwlet Baştutany şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan- garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan çuňňur gynanjyny, medet beriji sözlerini ýetirdi, ejir çeken sebitleriň bolsa tiz wagtda dikelmegi baradaky dileglerini beýan etdi.
Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gynanç hatyny iberdi. Onda: “Bu kyn pursatda, düzedip bolmajak ýitgileriň hasratyny siziň bilen paýlaşýarys” – diýlip, tebigy betbagtçylygyň netijeleriniň gysga wagtda ýok edilmegi arzuw edilýär, duýgudaşlyk we goldaw bildirilýär.
Abaý oblastynda ýerleşýän tebigy goraghanadaky ýangynlar 8-nji iýundan bäri dowam edýär, onuň meýdany 60 müň gektara ýetdi. Tokaý ýangynlary zerarly 14 adam wepat boldy. Deslapky maglumatlara görä, gurban bolanlaryň hemmesi tokaý hojalygynyň işgärleri.
Prezident Kasym-Žomart Tokaýew 12-nji iýuny Milli matam güni diýip yglan etdi.
Ýangynlaryň çalt ýaýbaňlanmagyna yssy howa, güýçli şemallar öz täsirini ýetirdi. Ýangynyň döremegine ýyldyrym çakmagy sebäp bolup bilendir, diýlip çaklanylýar.
ORIENT news








