Stratostatlarda 1000 «legonawtlar» syýahat edýär - näme üçin?


Lego, startostatlarda «älemiň gyrasyna» müň mini şekiljikleri syýahata ugratmak üçin çeh-slowak älem bilermenleri bilen tagallalaryny birleşdirdi.
3D-printerde, üçeksiz älem gaýygynda oturan «legonawtlar», hersinde takmynan 330 sany şekiljikler bolan üç sany aýratyn şarda ugradyldylar. Şarlar ýarylmazdan ozal -70°C derejä çydap, 34 kilometr beýiklige göterdiler. (Deňeşdirmek üçin: uly we ýokary tizlikli uçarlar ýokarky gatlaklarda 7-13 kilometr belentlikde uçýarlar, halkara älem serhedi bolsa 100 kilometr belentlikde).
Kiçijik astronawtlar paraşýutlardaky kiçi älem gaýyklaryna meňzeş ýörite döredilen gonuş platformalarynda Ýere sag-aman gaýdyp geldiler diýip, AeroTime «oýnawaç» missiýasy barada gürrüň berýär.
Lego tarapyndan geçirilen sowalnama çagalaryň takmynan 90 göteriminiň kosmonawtlary öňküsi ýaly iň tolgundyryjy hünär hasaplaýandygyny görkezdi. Bu ekspedisiýa diňe bir marketing kampaniýasy däl, eýsem älem gözlegine barha artýan elýeterliligiň we gyzyklanmanyň subutnamasy hökmünde hem garamak bolar. Kompaniýa, şeýlelik bilen çagalaryň gyzyklanmasyny we bilesigelijiligini, bilimlere we synaglara bolan islegini artdyrmagy üçin umyt edýär.
«Biz çagalara arzuwlarynyň daş-töweregiň çäginden çykyp biljekdigini görkezmek isleýäris»,-diýip Çehiýa Respublikasyndaky Lego-nyň marketing bölüminiň müdiri Iwa Ambrožowa aýtdy. – Lego markasy kiçi gurluşykçylary ylhamlandyrmaga we göz öňünde tutýan ähli zatlaryny durmuşa geçirmek üçin olara goldaw bermäge çalyşýar.
Älem inženerleriniň Tomas Rousekiň ýolbaşçylygyndaky Slowakiýadan we Çehiýadan topary kastronawtlaryň hiç biriniň platforma düşen wagtynda gämiden düşmändigine göz ýetirmeli boldy. Lego astronawtlarynyň erkin düşmek tapgyrynda, sagatda 300 km tizlige çenli ösdürdiler. Şonuň üçin olaryň howpsuzlygyny üpjün etmek kyn mesele boldy.
Mundan başga-da, şarlaryň uçmagy üçin tutuş platformanyň agramy, şol sanda şekiljikler hem 2,7 kg-dan köp bolmaly däldi. Älem güýygy uglerod süýümi, poslamaýan polat we plastmassa ýaly ýeňil materiallaryň ulanylmagy bilen döredildi.
Bonus hökmünde Lego-nyň iň uly höwesjeňleriniň indi ýörite baýrak ýaryşynda bu edermen «legonawtlardan» birini utmak mümkinçiligi bar.
ORIENT news








