Türkmen türgenleri göreş boýunça Aziýa çempionatyna (U-17) gatnaşarlar


Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysy göreş boýunça Bişkekde (Gyrgyzystan) 10-njy iýunda başlanjak Aziýanyň çempionatyna gatnaşar.
ORIENT-iň habarçysyna ýurduň Sport göreşi federasiýasynda habar bermeklerine görä, türkmen wekiliýetiniň düzümini 19 sany adam, şol sanda 15 türgen düzýär.
Göreşiň erkin görnüşine: Azymberdi Aşyrgulyýew (45 kg agram derejesinde), Azatberdi Aşyrgulyýew (55 kg çenli), Umyt Kakalyýew (60 kg çenli), Watan Annaorazow (65 kg çenli), Alp Arslan Begenjow (71 kg çenli), Döwletgeldi Myradow (80 kg çenli), Süleýman Musagulyýew (82 kg çenli) wekilçilik edýärler.
Bäş sany türgen grek-rim göreşinde Türkmenistana wekilçilik ederler: Maksat Seýitliýew (45 kg çenli agram derejesinde ), Husniddin Ulugbekow (55 kg çenli), Baýramgeldi Ýagmyrow (60 kg çenli ), Kemal Kakabaýew (65 kg çenli), Şatlyk Ýunusow ( 71 kg çeni).
Gyrgyzystanda göreş boýunça Aziýanyň çempionaty (U-17) dünýäniň 30-dan gowrak ýurdundan 450-den gowrak türgenleri ýygnar. Bäsleşikler ýörite enjamlaşdyrylan «Bişkek Arena» ST-da geçer.
Birinji bolup göreş düşekçesine grek-rim göreşiniň türgenleri çykarlar, soňra bolsa – gyzlar we erkin göreşijiler çykarlar. Jemläp alnanda, türgenler on agram derejesi boýunça medallaryň 60 toplumy ugrunda göreşerler. Ýaryş 13-nji iýunda tamamlanar. Ýetginjekleriň arasyndaky ýaryşlar tamamlanandan soňra 23 ýaşa çenli göreşijileriň arasynda Aziýanyň çempionaty (U-23) başlanar.
Artur PETROSÝANS








