HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň DIM-de Koreýa Respublikasy bilen çäreleri geçirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

Iýun 10, 2023 | 12:44 |6743
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew Koreýa Respublikasynyň ilçisi Ji Kýu-Tek bilen gepleşikleri geçirdi, onuň barşynda  «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» 16-njy Forumyny we Bilelikdäki hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisini Aşgabatda 2023-nji ýylda geçirmegi ara alyp maslahatlaşdylar.Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew Koreýa Respublikasynyň ilçisi Ji Kýu-Tek bilen gepleşikleri geçirdi, onuň barşynda  «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» 16-njy Forumyny we Bilelikdäki hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisini Aşgabatda 2023-nji ýylda geçirmegi ara alyp maslahatlaşdylar.
Çeşme: mfa.gov.tm

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew Koreýa Respublikasynyň ilçisi Ji Kýu-Tek bilen gepleşikleri geçirdi, onuň barşynda «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» 16-njy Forumyny we Bilelikdäki hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisini Aşgabatda 2023-nji ýylda geçirmegi ara alyp maslahatlaşdylar.

Bu baradaky maglumat Günorta Koreýanyň diplomatik missiýasynyň täze bellenen baştutanynyň Türkmenistanyň DIM-niň binasynda ynanç hatlarynyň nusgalarynyň gowşurmagynyň barşynda belli boldy – diýip, türkmen daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Söwda, ykdysady, ylym we tehnologiýa ugurlarynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisi şu ýyl Aşgabatda geçer. Onuň geçirilmegi dürli pudaklarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösmegine itergi berer.

Türkmen paýtagtynda geçiriljek «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» 16-njy Forumy barada aýdylanda bolsa, diplomatlar özara gatnaşyklaryň netijeliligini, şol sanda sebitleýin formatda netijelidigini bellediler.

Mundan başga-da, taraplar energetika, söwda, ylmy-ynsanperwer hyzmatdaşlyk, medeniýet, bilim we saglygy goraýyş pudaklaryna degip geçmek bilen, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine ygrarlydyklaryny beýan etdiler.

Ykdysady gatnaşyklaryň netijeliligi hem bellenip geçildi, ozal ýerine ýetirilen bilelikdäki taslamalar muňa şaýatlyk edýärler.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Londonda IFE we IFE Manufacturing 2027 halkara azyk senagaty sergileri geçiriler

Londonda IFE we IFE Manufacturing 2027 halkara azyk senagaty sergileri geçiriler

19:59 Iýul 28, 2026
Ilon Mask «X» sosial ulgamyň ulanyjylary üçin «X Money» töleg hyzmatyny işe girizdi

Ilon Mask «X» sosial ulgamyň ulanyjylary üçin «X Money» töleg hyzmatyny işe girizdi

19:56 Iýul 28, 2026
ABŞ-da komiks žurnaly 15 million dollara satyldy

ABŞ-da komiks žurnaly 15 million dollara satyldy

16:30 Iýul 28, 2026