Aşgabatda Russian Film Festival açyldy


Anna güni “Aşgabat” kinoteatrynda Rus kinosy we animasiýa günleri açyldy we bu çäre 14-nji iýuna çenli dowam eder. Kino zalynyň foýesinde festiwalyň gurnaýjylary multfilm gahrymanlary, wiktorinalar we dürli ýaryşlar bilen bezelen surat zolaklaryny guradylar. Çagalar we ulular halaýan gahrymanlary – pälwanyň ýa-da şa gyzynyň we filmleriň beýleki gahrymanlarynyň ornunda özlerini synap gördüler.

Russian Film Festival hepdeliginiň açylyş dabarasynda eden çykyşynda Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň birinji sekretary, “Rossotrudniçestwo” agentliginiň wekili Ýuliýa Zaýsewa film festiwalynyň 12-nji iýunda bellenýän Russiýanyň güni mynasybetli geçirilýändigini aýtdy. “Aşgabat” we “Berkarar” kinoteatrlarynda görkeziljek ähli filmler üçin giriş mugt. Bu Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistanyň ýaşaýjylaryna we ýurduň myhmanlaryna ýakymly sowgady bolar – diýip, russiýaly diplomat belledi.

Film görkeziliş maksatnamasynda maşgala we animasiýa filmleri bar. Türkmen tomaşaçylary rus filmleriniň naýbaşylarynyň biri hökmünde 2023-nji ýylda iň köp girdeji gazanan filmleriň dünýä sanawynyň ilkinji 25-ligine giren “Çeburaşka” komediýasyna tomaşa edip bilerler. Filmiň premýerasy 12-nji iýunda meýilleşdirilýär.
Şeýle-de "Jadygöýler" maşgala fantaziýasy, iki sany doly metražly multfilm - "Iwan Sarewiç we Çal möjek 5", "Ermitajyň Pişikleri" we beýleki filmler hem görkeziler.
ORIENT news








