HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Orban: Türkmenistan Ýewropadaky energetika üpjünçiliginiň diwersifikasiýasyna möhüm goşant goşup biler

Iýun 09, 2023 | 20:51 |8135
Türkmenistan bilen Wengriýanyň arasyndaky gatnaşyklary öňünden aýdyp boljak,
ygtybarly we özara hormata esaslanan diýip, premýer-ministr Wiktor Orban anna
güni Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen geçirilen gepleşikleriň
netijesine görä metbugat üçin eden çykyşynda belledi.Türkmenistan bilen Wengriýanyň arasyndaky gatnaşyklary öňünden aýdyp boljak,
ygtybarly we özara hormata esaslanan diýip, premýer-ministr Wiktor Orban anna
güni Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen geçirilen gepleşikleriň
netijesine görä metbugat üçin eden çykyşynda belledi.
Çeşme: Wengriýanyň premýer-ministriniň metbugat gullugy

Türkmenistan bilen Wengriýanyň arasyndaky gatnaşyklary öňünden aýdyp boljak, ygtybarly we özara hormata esaslanan diýip, premýer-ministr Wiktor Orban anna güni Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen geçirilen gepleşikleriň netijesine görä metbugat üçin eden çykyşynda belledi.

– Biz bu ýere gowy niýet we iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de çuňlaşdyrmak meýilnamasy bilen geldik,-diýip Orban aýtdy we saparynyň halkara syýasatynda kyn ýagdaýyň fonunda geçýändigini, türkmenistanyň bolsa edil Wengriýa ýaly parahatçylyk we diplomatiýa üçin çykyş edýändigini nygtady.

– Häzirki ýagdaý tutuş Merkezi Aziýa sebitiniň gymmatyny ýokarlandyrýar we bu sebitiň Gündogar bilen Günbataryň arasynda köpri bolmak ähtimallygy ýokary, - diýip ol belläp, bize Merkezi Aziýadan energiýanyň Ýewropa gelmegi gerek we munuň üçin täze çeşmeler, täze ugurlar, täze infrastruktura gerek diýip, sözüniň üstüni ýetirdi. Türkmenistan bu meselede Ýewropa we Wengriýa üçin ajaýyp hyzmatdaş bolup biler.

орбан_сми.jpg

Orbanyň pikrine görä, Türkmenistan Ýewropada energetika üpjünçiliginiň diwersifikasiýasyna möhüm goşant goşup biler, emma öňünden çylşyrymly infrastruktura we ulag meseleleri çözülmeli.

Onuň sözlerine görä, Wengriýa Türkmenistana derman serişdeleriniň üpjünçiliginde ep-esli paýa eýe bolup, gepleşiklerden soň suw pudagynda hyzmatdaşlyga mümkinçilik dörediler, şeýle hem energetika pudagyndaky hyzmatdaşlykdan başga-da iki tarap hem hyzmatdaşlygyň täze ykdysady ugurlaryna goldaw berer.

– Biz wenger dilini Türkmenistanda öwretmegi meýilleşdirýäris we taryhy gatnaşyklara laýyk güýç we çuňluk bilen iki ýurduň arasynda syýasy we ykdysady gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny isleýäris - diýip, Wiktor Orban sözüni jemledi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Brýusselde ÝUNISEF-niň «Generation 2050 in Central Asia» atly hasabatynyň tanyşdyrylyşy geçiriler

Brýusselde ÝUNISEF-niň «Generation 2050 in Central Asia» atly hasabatynyň tanyşdyrylyşy geçiriler

22:59 Iýul 13, 2026
100 ýaşly Dewid Attenboro «Emmi» baýragynyň taryhynda absolýut rekord goýdy

100 ýaşly Dewid Attenboro «Emmi» baýragynyň taryhynda absolýut rekord goýdy

21:10 Iýul 13, 2026
Yssyny ýeňip geçmegiň ýoly: Türkiýe tomusky dynç alyş üçin serginlediji täze mümkinçilikleri hödürleýär

Yssyny ýeňip geçmegiň ýoly: Türkiýe tomusky dynç alyş üçin serginlediji täze mümkinçilikleri hödürleýär

20:25 Iýul 13, 2026